Astronawtlar nädip ses berýär

Şu ýyl dünýäde saýlawlar ýyly diýlip atlandyrylypdy.Sebäbi köp ýurtda saýlawlar we sala salşyklar geçirilýär.Sanlyja günden ABŞ-da hem prezident saýlawy geçiriler.Ses bermek bütin dünýäde her bir raýatyň hukugy hem-de raýatlyk borjy hasaplanýar.

Saýlaw geçirilýän ýurduň başga bir döwletde wagtlaýyn ýaşaýan raýatlary üçin şol ýurtlardaky ilçihanalarda we konsullyk gulluklarynda, ýagny diplomatik wekilhanalarynda ses bermek üçin şert döredilýär.Emma saýlaw wagtynda kosmos bekedinde iş alyp barýan alymlar, ýagny astronawtlar ýa-da kosmonawtlar hem bolýar. Şeýle ýagdaýda olar nähili ses berýärkä?

1970-nji ýyllardan bäri kosmos giňişliginde beketler ornaşdyrylyp, ol ýerde hemişe diýen ýaly adam bar. Şol ýyllarda sowet kosmonawtlary Ýerdäki ynanylan wekili arkaly ses beripdirler. 2017-nji ýylda fransuz astronawty Toma Peske bir kärdeşine ses bermäge ygtyýar berip, kosmos giňişliginden ses berenleriň hatarynda ilkinjileriň biri bolupdy.

Amerikan astronawtlar bolsa, kosmosda wagty ses bermek üçin Federal Poçta kartyny dolduryp, uzak aralykdan ses bermäge ygtyýar alýarlar. Şeýlelikde Halkara Kosmos bekedinde elektron saýlaw bulletenini doldurýarlar.Saýlaw bulleteni şol ýerdäki kompýutere ýüklenip, NASA-nyň Emeli hemra yzarlaýyş we maglumat aragatnaşygy ulgamy arkaly Ýerdäki “White Sands” synag desgasyna iberilýär. Şol ýerden bolsa, Hýustondaky Jonson kosmos merkezine geçirilip, degişli gullukçylara elektron usulda ýetirilýär. Şeýlelikde, saýlaw bulleteniniň kosmosa gidip yzyna getirilmegi zerurlygy aradan aýrylýar. 1996-njy ýylda “Mir” kosmos bekedindäki amerikan astronawty Jon Blaha ses bermek isleýär.

Emma onuň ýaşaýan ştatynda elektron ses beriş ulgamynyň ýokdugy sebäpli bu islegi başa barmaýar. Şondan soňra 1997-nji ýylda kosmosdaky raýatlar üçin kanun kabul edilýär. Şeýlelikde şol ýyl Dewid Wulf kosmosdan ses berýär.

2004-nji ýyldan bäri amerikan astronawtlary Halkara kosmos bekedinden ses bermegini dowam etdirýärler. 2012-nji ýylda saýlaw wagtynda kosmos giňişliginde boljak Sunita Wilýams bilen Kewin Ford kosmosa uçmazdan ozal öňünden ses berýärler.

Ketlin Rubins 2016-njy hem-de 2020-nji ýyllardaky saýlawda raýatlyk hukugyndan peýdalanyp, kosmos giňişliginde wagty iki gezek ses beren ýeke-täk astronawtdyr.

Suratda: Ketlin Rubins Halkara kosmos bekedindäki “ses beriş kabinasynyň” öňünde.

Ýene degişli makalalar

8 günlügine kosmosa gitdiler, haçan geljekleri belli däl
Türkmen wekiliýeti TÜRKSOÝ-yň Medeniýet ministrleriniň hemişelik geňeşiniň mejlisine gatnaşdy
Soňky çempion Fransiýanyň düzümi belli boldy
Paýhaslar
Dünýä habarlary gysga setirlerde
AMAN GULMÄMMEDOW MILLI TEATR SUNGATYNY ESASLANDYRYJY