Astrolog Täleýnama ýyldyzyna laýyklykda 8-nji martda zenanlar üçin nähili gül çemenini saýlamalydygyny maslahat berdi

Astrolog Täleýnama ýyldyzyna laýyklykda 8-nji martda zenanlar üçin nähili gül çemenini saýlamalydygyny maslahat berdi

Gül çemeni we bir guty şokolad Halkara zenanlar güni üçin esasy sowgatlaryň biridir. Gülleri aýallaryň aglaba bölegi gowy görýärler (seýrek ýagdaýlardan başga), emma olaryň her biriniň baharyň we baýramçylygyň nyşanyny saýlamakda öz islegleri bar.

Astrolog Nadežda Staşina Täleýnama ýyldyzyna baglylykda zenanlara haýsy gülleriň we şokoladyň bermelidigini gürrüň berdi diýip, MIR 24 portaly ýazýar.

Surat:pinterest.ru

Hamal (Guzy) nusgawy gyrmyzy ýa-da gyzyl bägülleri gowy görýärler.

Sowur (Öküzçe) zenany güldanda (gorşokda) ekilen köki sogan şekilli gülleri halaýar: giasintler, narsissler, çigildemler. Şeýle güller köküni alyp, täzeden ekip bolýandygy üçin has hem amatlydyrlar;

işeňňir Sowurlar şeýle sowgada ýokary baha bererler. Şokolad gutusy hem uly bolmalydyr.

Jöwza (Ekizler) ýagtylygy gowy görýär, şonuň üçin hem birnäçe görnüşli güllerden ybarat çemen we dürli görnüşli şokoladlar toplumy olar üçin ajaýyp sowgat bolar.

Seretan (Leňňeç) benewşe, açyk gülgüne, gaýmak reňklerini gowy görýär, şonuň üçin şeýle reňk öwüşginlerindäki gülleri saýlamak has gowy bolar. Şokoladyň ýerine ýumşak oýunjak hödürläp bilersiňiz.

Eset (Ýolbars) üçin uly, gyrmyzy ýa-da beýleki reňkli bägüller iň amatlysydyr.

Sünbüleler (Gyz) kesilen gülleri görüp örän gynanýarlar, şonuň üçin olary güldanda (gorşokda) ösýän gül görnüşindäki sowgat, şeýle hem berhiz süýjüligi bilen begendirip bilersiňiz.

Mizan (Terezi) iň owadan we iň ulusy bolan ýagdaýynda ýekeje gülüň hem gadyryny bilýär. Gülüň ýanyna sufle ýaly ýeňil süýjülik goşup bilersiňiz.

Akrap (Içýan) goýy gyrmyzy reňkli bägül çemenine we adaty bolmadyk huruşly ajy şokolada ýokary baha berer.

Kowus (Keman) owadan bezelen açyk reňkli uly güllerden çemeni halaýar.

Jedi (Owlak) konserwatiwdir, şonuň üçin adaty gyrmyzy bägül çemenine ýa-da az mukdarda ideg talap edýän güldanda (gorşokda) ösýän güllere ýokary baha berer. Süýjüleriň we şokoladyň içi hozlusyny saýlamak has amatlydyr.

Daluw (Gowa) üçin gül çemeni ananas, süýji çemeni ýa-da uçýan howa şarlarynyň daňysy ýaly üýtgeşik bir zat bilen çalşyrylyp bilner.

Hut (Balyk) yslara duýgurdyr, şeýlelikde olar üçin esasy zat gülleriň güýçli we ýakymly ys ýaýratmagydyr. Olar şokoladyň ähli görnüşlerinden süýtli şokolady has gowy görýärler.

Ýene degişli makalalar

Astrolog 2023-nji ýylda Täleýnamanyň ýyldyzlaryna nämeleriň garaşýandygyny gysgaça beýan etdi
2024-nji ýylda haýsy üç täleý ýyldyzyna şowlulyklar garaşýar
Türkmenistanyň Prezidentiniň Permany Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň 31 ýyllyk baýramy mynasybetli döwlet sylaglary bilen sylaglamak hakynda
Dört nakgaşyň döredijiligi: gören onuň haýrany!
Berdimuhamedow Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň 30 ýyllygy mynasybetli köp sanly watandaşlaryna döwlet sylaglaryny berdi