Astrolog Globa Türkmenistanda agdarylyşyk bolmak ähtimallygyny çaklaýar

Tanymal astrolog Pawel Globa “Mir nowosteý” neşiri bilen söhbetdeşlikde 2019-njy ýyldaky çaklamalaryny paýlaşyp, Türkmenistanda döwlet agdarlyşygy bolmak ähtimallygyny öňe sürdi.

“Doňuz ýylynda örän ýygy-ýygydan garaşylmaýan döwlet agdarylyşyklary bolýar. Bu hususan-da korrupsiýa çümen hökümdarlaryň ýerden aýak üzüp, asmanda gaýýan ýurtlarynda şeýle bolýar. Onsoň olara Doňuz ýylynyň aýagynda, Syçan ýylynyň başynda git diýilmegi bolup biljek zat.

Eger-de Türkiýeden Hytaýa çenli uzaýan simwoliki “ganly guşak” hakynda gürrüň edilse, bu hili wakalar uzak wagtlap üýtgemedik we düýpden eglişiksiz režimlerde bolup biler.Türkmenistan, mysal üçin, şeýle töwekgellikli ýurtlaryň hataryna girýär. Ýöne 2019-njy ýylda bu örän ýumşak görnüşde bolup geçer.

Hemme zat esasan maliýe pudagynyň daşynda aýlanar.Adamlar bahalaryň, salgytlaryň ýokarlanmagyna, halanmaýan reformalara ýaramaz gararlar, ýagny jübä agram salýan zatlaryň ählisine ters reaksiýa bildirerler” diýip, Globa aýtdy.

Ýatladýarys, Türkmenistanyň prezidenti hem öz gezeginde, astrologiýa esaslanyp, täze ýylda bereketli hasylyň boljagyny çaklady. “Ata-babalarymyz: “It ýyly ek, doňuz ýyly or” diýip, bu ýylyň hasylly, bereketli bolýandygyny belläpdirler” diýip, TDH döwlet baştutanynyň aýdan sözlerini getirdi.

Ýene degişli makalalar

Ýanwarda dünýäde azygyň bahasy 1 göterim arzanlady
Dokuz aýda 20 müň türkmenistanly Özbegistana syýahat etdi
Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň mejlisi
Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň mejlisi
1-nji oktýabr Ýaşulularyň halkara güni
Homuhanyň topary üçünji, Berdiýewiň topary bolsa dördünji orna geçdi