Astrolog 2023-nji ýylda Täleýnamanyň ýyldyzlaryna nämeleriň garaşýandygyny gysgaça beýan etdi

Astrolog 2023-nji ýylda Täleýnamanyň ýyldyzlaryna nämeleriň garaşýandygyny gysgaça beýan etdi

Gündogar täleýnamasy boýunça 2023-nji ýyl Gara Suw Pişiginiň ýa-da Towşanynyň ýylydyr. Bu haýwanlaryň ikisi hem öýüň abadançylygynyň we maşgala bolan söýginiň nyşandyr, olar maşgala we çagalar tarapyndan saklanmak üçin ýakymlydyrlar. Şonuň bilen birlikde, wajyp bolan iş we karýerany hem ýatdan çykarmaly däldir.

Astrolog Nadežda Staşina MIR 24 portalynyň sahypalarynda bu ýylda Täleýnamanyň her bir ýyldyzynyň wekillerine iş bilen baglanyşykly nähili ösüşleriň garaşýandygyny gürrüň berdi.

Hamal (Guzy) bu ýylda birnäçe özüne çekiji täze wezipe boýunça teklipleri alar, emma gelen teklibiň ygtybarlydygyna göz ýetirmän, iş ýeriňizi taşlamaň.

Sowurlara (Öküzçe) bu ýylda täze tehnologiýalary özleşdirmek, başga tertipde işlemegi öwrenmek gerek bolar, iş ugrunyň dolulygyna üýtgemek mümkinçiligi hem bardyr.

Jöwzalar (Ekizler) eger ýolbaşçy wezipesinde bolsalar, işgärleri üçin täze iş şertlerini we düzgünleri girizip bilerler, işgär jöwzalar bolsa karýera ösüşinde has öndürijilikli bolup bilerler.

Seretanlara (Leňňeç) üstünlige ýetmek üçin 2023-nji ýylyň birinji ýarymynda örän işjeň bolmak we köp zahmet çekmek gerek bolar.

Esetlere (Ýolbars) iş ugry boýunça daşary ýurtly hünärmenleriň tejribesi bilen içgin tanyşmak maslahat berilýär.

Sünbüleler (Gyz) iş saparlaryndan ýüz öwürmek maslahat berilmeýär, olaryň biri örän peýdaly we şowly bolup biler.

Mizan (Terezi) bu ýylda bir elde iki garpyz tutmajak bolmalydyrlar, iň gowusy, bir maksada ünsüňi jemlemek we oňa ýetmekdir.

Akrap (Içýan) bu ýylda goşmaça girdeji ýa-da iş tapmak isleýän bolsa, ony tanyşlarynyň üsti bilen tapar, bildirişleriň ýa-da iş bilen üpjün ediji edaralaryň känbir peýdasy degmez.

Kowus (Ýaý) örän köp zähmet çeker, emma işi oňa şatlyk getirer. Iş ýeriniň üýtgemegi hem mümkindir.

Jedi (Owlak) ýerine ýetirýän işini gowy görýän bolsa we işi oňa lezzet berýän bolsa, oňa şowly ýyl garaşýar.

Daluw (Gowa) öz wezipesine meňzeş ýa-da tejribesi bolmazdan hem düýbünden täze bir zat bilen meşgullanyp, 2023-nji ýylda işini, hatda işleýän ugruny hem üýtgedip biler.

Hut (Balyk) özgerýän gurşawa, täze iş şertlerine uýgunlaşmaly, şeýle hem öz iş endiklerini düýbünden üýtgetmeli bolar.

Şeýle-de okaň:

Ýene degişli makalalar

Astrolog Täleýnama ýyldyzyna laýyklykda 8-nji martda zenanlar üçin nähili gül çemenini saýlamalydygyny maslahat berdi
2024-nji ýylda haýsy üç täleý ýyldyzyna şowlulyklar garaşýar
Türkmenistanyň Prezidentiniň Permany Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň 31 ýyllyk baýramy mynasybetli döwlet sylaglary bilen sylaglamak hakynda
Dört nakgaşyň döredijiligi: gören onuň haýrany!
Berdimuhamedow Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň 30 ýyllygy mynasybetli köp sanly watandaşlaryna döwlet sylaglaryny berdi