AstraZeneca koronawirusa garşy täze sanjymy synag edýär

AstraZeneca koronawirusa garşy täze sanjymy synag edýär

AstraZeneca şwed-britan farmasewtiki kompaniýasy koronawirusyň günorta afrika ştamyna garşy sanjymy synag edip başlandygyny habar berdi. Bu baradaky maglumaty gazeta.ru saýtyna salgylanyp, news.day.az ýetirýär.

Täze serişdäniň synagdan geçirilişine Beýik Britaniýanyň, Günorta Afrika Respublikasynyň, Braziliýanyň we Polşanyň 2 müň 250 raýaty gatnaşar.AZD2816 adyny alan derman serişdesi ilkinji gezek Günorta Afrikada ýüze çykarylan koronawirusyň beta görnüşine garşy göreşmek üçin niýetlenendir.

Sanjym edilmedik we sanjym alan adamlary hem synagdan geçirmek onuň esasy maksadydyr.Mundan başga-da, AZD2816 sanjymyny AstraZeneca ady bilen ozal belli bolan sanjymyň ikinji düzüm bölegi hökmünde ulanmak meýilleşdirilýär.

Farmasewtika kompaniýasy synaglaryň netijeleriniň şu ýylyň ahyryna çenli boljakdygyny çaklaýar. Eger oňat netije görkezse, AZD2816 sanjymyny halkara we milli ugrukdyryjylaryň baha bermekleri üçin geçirerler.

Ýene degişli makalalar

Käbir ylmy edaralarda 'ylym bilen däl, yrym bilen meşgullanylýar', howpsuzlyk paranoýasy demikdirýär
Türkmen we hindi prezidentleri 'derman maslahatyny' etdi, BSG 'hadysasyz' Aşgabada kömek iberýär
15.10.2020 | Türkmenistanyň Prezidentiniň we Hindistan Respublikasynyň Prezidentiniň arasynda telefon arkaly söhbetdeşlik
10.09.2020 | Türkmenistanyň Prezidenti Hindistanyň Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisinden ynanç hatyny kabul etdi
Türkmenistanyň Prezidentiniň Permany Türkmenistanyň Ene mähri diýen hormatly adyny dakmak hakynda
06.03.2020 | Türkmenistanyň Prezidentiniň Permany Türkmenistanyň Ene mähri diýen hormatly adyny dakmak hakynda
26.08.2019 | Türkmenistanyň Prezidentiniň Singapur Respublikasyna döwlet sapary başlandy