Astrahanyň Beýik Pýoter gämisi Hazar deňzi boýunça syýahatçylyga başlar

Astrahanyň Beýik Pýoter gämisi Hazar deňzi boýunça syýahatçylyga başlar

Astrahan sebitinde Beýik Pýoter atly häzirki zaman gämisiniň gurluşygy tamamlanyp barýar. Ol 2024-nji ýylda Hazar deňzi boýunça syýahatçylyga başlar. Ýolagçylaryň syýahat etmegi üçin niýetlenen bu gämi Awaza milli syýahatçylyk zolagynda-da durup geçer. Bu barada 23-nji awgustda Balkan welaýatynyň häkiminiň Russiýanyň Astrahan sebitiniň gubernatory Igor Babuşkin bilen geçiren duşuşygynyň dowamynda aýdyldy.

Öz gezeginde Türkmenbaşy Halkara deňiz portunyň başlygynyň wezipesini ýerine ýetiriji Seýitguly Baýseýidow häzirki wagtda türkmen portunda Beýik Pýoter gämisini garşy almak bilen baglanyşykly meseleleriň üstünde işlenilýändigini aýtdy.

Astrahan sebitiniň gubernatorynyň belleýşi ýaly, Awaza syýahatçylyk zolagy geografiki taýdan daşary ýurt şypahanalarynyň köpüsine garanyňda Russiýanyň günortasyna has ýakyn. Astrahan — Türkmenbaşy ugry boýunça uçuş bary-ýogy bir sagada golaý wagt dowam edýär.

Şunuň bilen baglylykda, gubernator bu ugurda yzygiderli howa gatnawyny ýola goýmak we Awaza gitmek isleýän rus syýahatçylary üçin wiza düzgünini ýeňilleşdirmek boýunça meselelere ünsi çekdi.

Şeýle-de okaň:

Ýene degişli makalalar

Astrahan — Türkmenbaşy täze gämi gatnawy ýola goýular
17-nji aprelde Türkmenistanyň esasy habarlary
Türkmen konsuly Astrahan sebitiniň gubernatory bilen ilkinji duşuşygyny geçirdi
Astrahanda Türkmenistanyň söwda öýüni açmak meselesi öwrenilýär
Astrahanda Türkmenistanyň täze konsulyna garaşylýar
Astrahanda Hazar media forumy — 2023 geçirildi