Astrahandaky Hazar deňiz we derýa ulaglary institutynda Magtymguly Pyragynyň 300 ýyllygyna bagyşlanan aýdym-sazly edebi agşam geçirildi

17-nji oktýabrda Astrahandaky General-admiral F.M.Apraksin adyndaky Hazar deňiz we derýa ulaglary institutynda beýik türkmen şahyry we akyldary Magtymguly Pyragynyň doglan gününiň 300 ýyllygyna bagyşlanan aýdym-sazly edebi agşam geçirildi. Çäre Türkmenistanyň Russiýa Federasiýasyndaky Konsullygynyň (Astrahan ş.) ýardam bermeginde, institutyň we Astrahan oblastynyň Funtowo obasyndaky Magtymguly Pyragy adyndaky mekdebiň bilelikde guramagynda geçirildi.

Döredijilik agşamyna Türkmenistanyň Russiýa Federasiýasyndaky Konsullygynyň (Astrahan ş.) diplomatlary, Astrahan oblastynyň daşary aragatnaşyklar ministrliginiň wekilleri, institutyň ýolbaşçy düzümi we talyplary, Magtymguly Pyragy adyndaky orta mekdebiň müdiri, mugallymlary we okuwçylary gatnaşdylar.

General-admiral F.M.Apraksin adyndaky Hazar deňiz we derýa ulaglary institutynyň direktory O.Kartaşowa giriş sözi bilen çykyş edip, Türkmenistan bilen Astrahan oblastynyň arasynda bilim we ylym ulgamlarynda hyzmatdaşlygy dowam etmegiň we ösdürmegiň möhümdigini aýtdy.

Çykyşlarda türkmen halkynyň Milli Lideriniň başlangyjy bilen Astrahanda Magtymguly Pyragy adyndaky umumybilim berýän orta mekdebiniň açylmagynyň ähmiýeti nygtaldy hem-de türkmen halkynyň köpasyrlyk pähim-paýhasyny we şahyrana diliniň gözelligini öz eserlerinde açyp görkezen Magtymguly Pyragynyň eserleriniň çuň many-mazmuny bellenildi.

Konsertiň dowamynda Hazar deňiz we derýa ulaglary institutynda bilim alýan türkmenistanly talyplar, şeýle hem Magtymguly mekdebiniň okuwçylary myhmanlara aýdym-saz we tans çykyşlaryny hödürlediler. Şahyryň meşhur şahyrana eserleri okaldy. Aýdym-sazly edebi agşam “Dostluk” tans toparynyň ýerine ýetirmeginde “Küştdepdi” milli tansy bilen tamamlandy.

Ýene degişli makalalar

Astrahanda Magtymguly Pyragynyň 300 ýyllygyna bagyşlanan aýdym-sazly döredijilik agşamy geçirildi
Türkmenistan bilen Astrahanyň arasynda deňiz ulaglary üçin hünärmenleri taýýarlamak meselesi ara alnyp maslahatlaşyldy
20.11.2020 | Hazar sebitinde ulag we logistika ulgamynda onlaýn-maslahat geçirildi
Läbik wulkanlar
Resmi habar
Türkmenistanyň we Russiýanyň ÝOM-y Özara düşünişmek hakyndaky ähtnama gol çekerler