Astrahan sebitiniň gubernatory Igor Babuşkin geçen ýylyň awgust aýyndan bäri Astrahanda Türkmenistanyň konsuly wezipesinde işläp gelýän Nury Gölliýew bilen iş duşuşygynda diplomaty Türkmenistanyň Gyrgyzystanda ilçisi wezipesine bellenilmegi bilen gutlady.
Sebitiň ýolbaşçysy Nury Gölliýewe täze wezipesine netijeli işläp, üstünlik gazanmagyny arzuw etdi. Şeýle hem gubernator oňa Astrahan sebitiniň esasy halkara hyzmatdaşlaryndan biri bolan Türkmenistan bilen köptaraplaýyn hyzmatdaşlygy pugtalandyrmaga berýän goldawy we ýardamy üçin minnetdarlyk bildirdi.
Nury Gölliýew hem öz gezeginde beren goldawlary üçin Astrahanyň gubernatoryna we sebitiň hökümetine köp sagbolsun aýtdy.