Astrahanda Türkmenistanyň söwda öýüni açmak meselesi öwrenilýär

Astrahanda Türkmenistanyň söwda öýüni açmak meselesi öwrenilýär

Häzirki wagtda Türkmenistan bilen Astrahan sebitiniň arasynda gönüden-göni gämi gatnawlaryny ýola goýmak hem-de Astrahanda Türkmenistanyň söwda öýüni açmak boýunça gepleşikler geçirilýär. Degişli meseleler 15-nji aprelde Türkmenistanyň Astrahan şäherindäki konsuly Gadam Ilamanow bilen Astrahan sebitiniň gubernatory Igor Babuşkiniň arasynda bolup geçen duşuşykda hem ara alnyp maslahatlaşyldy. Bu barada Lotos habar berýär.

Çeşmäniň habar bermegine görä, taraplar, hususan-da, Türkmenbaşynyň halkara deňiz porty bilen Astrahan sebitiniň Limanskiý etrabynyň Olýa portunyň arasynda yzygiderli parom gatnawyny ýola goýmak meselesi boýunça pikir alşyldy.

Mundan başga-da, türkmen konsuly G.Ilamanow we Astrahan sebitiniň ýolbaşçysy I.Babuşkin Astrahanda Türkmenistanyň oba hojalyk, dokma we senagat önümlerini satyn almaga gyzyklanýan taraplar üçin söwda öýüni açmagyň mümkinçiliklerini hem ara alyp maslahatlaşdylar.

Mundan ozal duşuşykda Astrahanda Lotos erkin ykdysady zolagynda Türkmenistanyň logistika merkezini döretmek boýunça gepleşikleriň geçirilendigini habar beripdik.

Ýene degişli makalalar

Türkmen konsuly Astrahan sebitiniň gubernatory bilen ilkinji duşuşygyny geçirdi
17-nji aprelde Türkmenistanyň esasy habarlary
Astrahanyň gubernatory: Sebitiň kompaniýalary Hazarda gämi gatnaw ugruny döretmäge taýýar
Russiýaly gubernatorlar Türkmenistanyň Prezidentini Halkara Bitaraplyk güni bilen gutladylar
Türkmenistan bilen Astrahan 2025-nji ýylda bilelikdäki işewürlik maslahatyny geçirerler
11-nji iýulda Türkmenistanyň esasy habarlarynyň daýjesti