Аstrahanda Magtymguly Pyragynyň 300 ýyllygyna bagyşlanylan şygryýet agşamy geçirildi

Аstrahanda Magtymguly Pyragynyň 300 ýyllygyna bagyşlanylan şygryýet agşamy geçirildi

23-nji oktýabrda Türkmenistanyň Russiýa Federasiýasyndaky konsullygyň (Astrahan ş.) ýardam bermeginde Astrahan oblasynyň N.K.Krupskiý adyndaky ylmy kitaphanasynda Magtymguly Pyragynyň 300 ýyllygyna bagyşlanylan şygryýet agşamy geçirildi.

Bu çärä Astrahan şäherindäki Türkmenistanyň konsullygynyň diplomatlary, Astrahan oblastynyň daşary aragatnaşyklar ministrliginiň wekilleri, kitaphananyň hünärmenleri, Astrahan döwlet lukmançylyk uniwersitetinde okaýan türkmenistanly talyplar, şeýle-de Astrahan mugallymçylyk mekdebiniň talyplary we Magtymguly Pyragy adyndaky mekdebiň mugallymlarydyr okuwçylary gatnaşdylar

Şygryýet agşamynda çykyş edenler akyldar şahyryň ömri we döredijiligi, türkmen we dünýä edebiýatyna goşan goşandy barada bellediler. Şeýle hem şahyryň türkmen-rus dilindäki goşgylary çeper okaýyşlarda ýerine ýetirildi. Kitaphananyň seýrek kitaplar we kitap ýadygärlikleri bölüminiň işgärleri Türkmenistan hakynda özboluşly kitap neşirleriniň sergisini, kitaphananyň ýygyndysynda bar bolan türkmen dilindäki edebi eserleri görkezdiler.

Ýene degişli makalalar