Astrahan — Türkmenbaşy täze gämi gatnawy ýola goýular

Astrahan — Türkmenbaşy täze gämi gatnawy ýola goýular

2023-nji ýylyň 23-nji awgustynda Balkan welaýatynyň häkimi Russiýanyň Astrahan sebitiniň gubernatory Igor Babuşkin bilen wideoaragatnaşyk arkaly duşuşyk geçirdi. Onuň dowamynda taraplar hyzmatdaşlygyň geljegi uly ugurlaryny ara alyp maslahatlaşdylar diýip, Astrahan sebitiniň Daşary gatnaşyklar ministrliginiň metbugat gullugy habar berdi.

Duşuşyga Russiýa tarapyndan Astrahan sebitiniň hökümetiniň başlygynyň orunbasary Denis Afanasýew, daşary gatnaşyklar ministri Wladimir Golowkow, senagat, söwda we energetika ministriniň orunbasary Mihail Kabakow, türkmen tarapdan bolsa Türkmenbaşy Halkara deňiz portunyň başlygynyň wezipesini wagtlaýyn ýerine ýetiriji Seýitguly Baýseýidow, Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň Balkan welaýat bölüminiň müdiri Batyr Ýusubow gatnaşdy.

Babuşkin: Türkmenistan sebitimiz üçin esasy halkara hyzmatdaşlaryň biridir.Söwda, logistika, senagat, medeniýet we bilim pudaklarynda bilelikde köpsanly taslamalary durmuşa geçirýäris — diýdi. Şeýle hem ol Hazar deňzi arkaly ýük daşamagyň Demirgazyk — Günorta halkara transport koridorynyň iň möhüm bölegi bolan Astrahan sebiti üçin aýratyn möhümdigini aýtdy.

Bu bolsa Astrahan sebitiniň portlary bilen Türkmenbaşy Halkara deňiz portunyň arasynda yzygiderli gämi gatnawlarynyň ýola goýulmagy arkaly ýeňilleşdiriler.

Babuşkiniň aýtmagyna görä, Astrahan port infrastrukturasy ähli gämileri kabul etmäge we ähli görnüşli ýükleri dolandyrmaga taýýar. Astrahan bilen Türkmenbaşynyň arasyndaky täze gämi gatnawy iki sebitiň arasynda ýük daşamagy ýokarlandyrmaga kömek eder.

Ýene degişli makalalar

Astrahanyň Beýik Pýoter gämisi Hazar deňzi boýunça syýahatçylyga başlar
17-nji aprelde Türkmenistanyň esasy habarlary
Astrahanda Türkmenistanyň söwda öýüni açmak meselesi öwrenilýär
Türkmen konsuly Astrahan sebitiniň gubernatory bilen ilkinji duşuşygyny geçirdi
7-nji aprelde welosipedli ýöriş sebäpli Aşgabatda ulaglaryň hereketi wagtlaýyn togtadylar, Türkmenistanyň Prezidenti Minnihanow we Babuşkin bilen duşuşdy, futbol boýunça Türkmenistanyň çempionatynda içerki transfer möwsümi açyldy we beýleki habarlar
Türkmenistanda Igor Babuşkine doglan güni mynasybetli milli lybas sowgat berildi