Russiýanyň Soçi şäherinden ugran “Astoria Grande” atly kruiz gämisi Amasra portuna geldi.
Stambul şäherinden soň Bartynyň tebigaty we deňizi bilen ýakyndan tanalýan syýahatçylyk merkezi Amarsa etrabyna gelen gäminiň 982 ýolagçysy bilen 469 adamlyk ekipažy bar.
Uzynlygy 193 metr we ini 30 metr bolan 11 gatly gäminiň ýolagçylary etrabyň ýolbaşçylary tarapyndan garşylandy.
Kruiz gämisiniň ýolagçylary etrapdaky taryhy we syýahatçylyk ýerlerine baryp gördi.
Kruiz gämisi Amasradan soň Samsuna gider.