“Aston Willa” ýaş ýyldyzyny 60 million ýewro Saud Arabystanyna ugratdy

Angliýanyň “Aston Willa” topary häzirki wagtda transferiň iň işjeň klublarynyň biri bolup, topardan fransiýaly oýunçy Mussa Diabi Saud Arabystanyna transfer boldy. 25 ýaşyndaky ýarymgoragçy SPL-niň “Al Ittihad” topary bilen 5 ýyllyk şertnama baglaşdy.

Arap kluby Diabiniň transferi üçin iňlis toparyna 60 million ýewro berer.Diabi bolsa arap klubundan ýyllyk 20 million ýewro hak alar. “Aston Willa” topary Mussa Diabini geçen tomusda 51,9 million funt sterlinge “Baýerden” transfer edipdi.

Diabi 38-si “Premier Ligada” 54 oýunda 10 gezek tapawutlandy.

Golaýda Loran Blany tälimçilige bellän “Al Ittihad” toparynda Karim Benzema, N’Golo Kante ýaly fransuz ýyldyz hem çykyş edýär.

Ýene degişli makalalar

“Aston Willa” belgiýaly ýaş oýunçy üçin 50 million funt sterling tölär
Messi, Mbappe, Benzema FIFA-da ýylyň futbolçysy kim bolar, dalaşgärler mälim edildi
Türkmenistan Türkiýä ynsanperwer kömeginiň goşmaça tapgyryny iberdi, Türkmenistan we BMG özara hyzmatdaşlyk boýunça 26 resminama gol çekdiler, Türkmenistanda döwlet eýeçiliginde degişli 37 sany desga satuwa çykaryldy we beýleki habarlar
Stiwen Jerrard Al-Ittifakyň baş täimçisi boldy
“Arsenalyň” 100 million funtluk täze transferi
Italiýaly ýaş futbolça 7 aý jerime berildi