“Aston Willa” belgiýaly ýaş oýunçy üçin 50 million funt sterling tölär

Transfer möwsüminiň iň işjeň kluby Angliýanyň “Aston Willa” kluby toparyň taryhyndaky iň gymmat 2-nji transferini amala aşyrdy.Birmingem şäheriniň wekili ýurduň başga bir topary “Ewertondan” belgiýaly Amadu Onanany düzümine goşdy. “Aston Willa” topary bu transfer üçin “Ewertona” 50 million funt sterling tölär.

Mussa Diabiden soň (52 million funt sterling) klubuň iň gymmat 2-nji futbolçysy bolan 22 ýaşyndaky ýarymgoragçy “Ewertonda” 2 möwsümde 72 gezek meýdança çykdy.Onana “Aston Willa” bilen 2029-njy ýylyň tomsuna çenli şertnama baglaşdy.

Ýene degişli makalalar

De Bruýne, Hazar, Lukaku, Kurtua Belgiýanyň düzümi mälim edildi
“Premier Ligada” futbol baýramçylygy 11 günde 30 oýun
Arsenal arany açýar
Arsenal birinjiligi elden bermedi
“Premier Ligada” iň köp çykyş eden futbolçy 11-nji liganyň wekili bilen şertnama baglaşdy
Dünýäniň iň gymmat 30 kluby