Asteroid nusgalary öwreniler

ABŞ-nyň Milli aeronawtika we kosmos giňişligini öwreniş müdirligi (NASA) pilotsyz kosmos zondy OSIRIS-REx tarapyndan toplanan asteroid nusgalaryny öwrenmäge taýýarlanýar. Bu nusgalar alymlara ýaşaýşyň Gün ulgamynda nädip dörändigini düşünmäge mümkinçilik berer diýlip garaşylýar.

Hýustondaky laboratoriýanyň alymlary NASA-nyň 2016-njy ýylda kosmosa uçurylan OSIRIS-REx kosmos zondunyň gaýdyp gelmegine taýýarlanýar. Pilotsyz enjam, aýratyn gymmatly ýük bilen gaýdyp geler: olar Gün ulgamynda ýaşaýşyň döremeginiň syrlaryny açyp biljek Bennu asteroidinden alnan nusgalardan ybaratdyr.

Ýygnalan daş we tozan nusgalary derňemek we saklamak üçin nusgalara bölünip, gelejekde olaryň üstünde täze nesiller has ösen tehnologiýalar bilen barlag geçirerler. Kosmos enjamy 24-nji sentýabrda Ýuta ştatyna gonmaly. Onuň bortunda 2020-nji ýylyň oktýabr aýyndan bäri asteroidden toplanan 250 gram töweregi material bar.

Missiýanyň ykjam meýilleşdirilendigine garamazdan, nusgalary ýygnamak aňsat iş däl. Zond işleýän wagty birnäçe gezek kynçylyklara duçar boldy. Alymlar, bölümiň gapysy gowy ýapylmansoň, olaryň käbirleriniň kosmosa gaçmagyna alada bildirdiler. Emma, ahyrynda, nusgalar enjamyň merkezinde ýerleşýän kapsula üstünlikli geçirilip, berkidildi.

Ýene degişli makalalar

Kosmonawt bolmagy arzuw edýärin
GYSGA SETIRLERDE
30 müň ýyllyk janly ulgam tapyldy
30 müň ýyllyk janly ulgam tapyldy
Ikisiniň hem 2-nji ýeňşi
Dünýä Kubogyna 33 gün galdy