Gazagystanyň paýtagtynyň howa we demir ýol menzilleri öňde duran Şanhaý Hyzmatdaşlyk Guramasynyň sammiti bilen baglylykda, güýçlendirilen iş tertibine geçdi. Bu barada ýurduň Ulag ministrliginiň metbugat gullugyna salgylanýan TASS ýazýar.
Habarda ŞHG-niň ýygnagy bilen baglylykda, paýtagtyň howa menziliniň gije-gündiz işlejekdigi aýdylýar. Yzygiderli gatnawlar tertip boýunça amala aşyrylar. Sammitiň geçýän döwründe aeroportda goşmaça önümçilik işgärleri we dispetçer düzümi işlär. Işe daşary ýurt dillerini bilýän meýletinçiler hem çekildi.
Almaty we Garaganda şäherlerinde goşmaça howa menzillerini taýýarlamak göz öňünde tutuldy.
ŞHG-iň sammiti 4-nji iýulda Astanadaky Garaşsyzlyk köşgünde geçer. Oňa Russiýanyň, Azerbaýjanyň, Belarussiýanyň, Hindistanyň, Eýranyň, Kataryň, Gyrgyzystanyň, Hytaýyň, Mongoliýanyň, BAE-niň, Pakistanyň, Täjigistanyň, Türkmenistanyň, Türkiýäniň we Özbegistanyň döwlet hem-de hökümet Baştutanlarynyň gatnaşmagyna garaşylýar. Sammite şeýle-de guramanyň baş sekretary Çžan Min we BMG-niň baş sekretary Antoniu Guterriş gatnaşar.