Astanada Türkmenistanyň Prezidenti bilen Ýaponiýanyň Premýer-ministriniň duşuşygy meýilleşdirilýär

Astanada Türkmenistanyň Prezidenti bilen Ýaponiýanyň Premýer-ministriniň duşuşygy meýilleşdirilýär

Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary, daşary işler ministri Raşid Meredow şenbe güni sanly ulgam arkaly geçirilen Ministrler Kabinetiniň nobatdaky mejlisinde Astana şäherinde geçiriljek “Merkezi Aziýa — Ýaponiýa” dialogynyň birinji sammitiniň çäklerinde Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow bilen Ýaponiýanyň Premýer-ministri Fumio Kisidanyň duşuşygyny guramak boýunça işleriň alnyp barylýandygyny habar berdi.

Türkmenistanyň resmi metbugatynyň habar bermegine görä, Raşid Meredow mejlisiň dowamynda hyzmatdaşlygyň dürli ulgamlaryny gurşap alýan we gol çekilmegi meýilleşdirilýän ikitaraplaýyn resminamalar barada hem belläp gaçdy.

Şeýle-de mejlisiň barşynda möhüm hyzmatdaşlarynyň biri bolan Malaýziýa bilen özara gatnaşyklar barada aýdylyp, döwletara hyzmatdaşlygy pugtalandyrmaga gönükdirilen birnäçe teklipler beýan edildi.

Wise-premýer Türkmenistanyň 2022-nji ýylda “Merkezi Aziýa — ASEAN” formatyny döretmek baradaky başlangyç bilen çykyş edendigini aýdyp, bu başlangyjy iş ýüzünde amala aşyrmak maksady bilen, şu ýylyň ikinji ýarymynda Türkmenistanda halkara duşuşygy ýa-da maslahaty geçirmegi teklip etdi.

Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow beýan edilen teklipleri goldap, ýokary derejede geçiriljek gepleşiklere, saparlara, dürli görnüşdäki duşuşyklara ünsi çekdi hem-de wise-premýer, DIM-niň ýolbaşçysyna ähli meýilleşdirilen çäreleriň ýokary guramaçylyk derejesini üpjün etmegi tabşyrdy.

Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň nobatdaky mejlisinde döwlet durmuşyna degişli başga-da birnäçe meselelere garaldy we olar boýunça degişli çözgütler kabul edildi.

Ýene degişli makalalar

15-nji awgustda Türkmenistanyň esasy habarlarynyň daýjesti
Türki Döwletleriň Gün Tertbindaki Wakalar
30-njy iýulda Türkmenistanyň esasy habarlarynyň daýjesti
Türkmenistanyň we Täjigistanyň daşary işler ministrleri telefon arkaly söhbetdeş boldular
29-njy iýulda Türkmenistanyň esasy habarlarynyň daýjesti
Türkmenistan Owganystanyň Aşgabatdaky wekilini resmi taýdan tassyklady
Raşid Meredow Eýranyň täze saýlanylan Prezidentiniň resmi wezipä girişmek dabarasyna gatnaşar