Astanada Türki akademiýasynyň ylmy neşirleri hödürlendi

Astanada Türki akademiýasynyň ylmy neşirleri hödürlendi

Türki akademiýasy tarapyndan çap edilen neşirleriň tanyşdyrylyş dabarasy 29-njy oktýabrda Astanada L.N.Gumilýow adyndaky Ýewraziýa milli uniwersitetinde geçirilen Dil we edebi miras — agzybirligiň esasyny düzýär atly ylmy maslahatyň dowamynda görkezildi.

AZERTAC-yň habaryna görä, tanyşdyrylyş dabarasyna Türkmenistanyň diplomatik wekilhanasynyň ýolbaşçysy Batyr Rejepow hem gatnaşdy.

Türki akademiýasynyň wise-prezidenti A.Kesikbaýew öz çykyşynda akademiýanyň prezidenti Şaýn Mustafaýewiň adyndan gutlag sözleri bilen çykyş edip, wekilçilik edýän gurluşyň her täze neşiriniň diňe bir ylmy iş bolman, eýsem türki halklaryň ylmy integrasiýany güýçlendirmekde möhüm goşantdygyny aýtdy.

Neşirleriň arasynda beýik türkmen şahyry Magtymguly Pyragynyň doglan gününiň 300 ýyllygyna bagyşlanan Ahmet Buranyň Magtymguly monografiýasy hem görkezildi.

Tanyşdyryş dabarasynda Türki akademiýasynyň Türki dilleriň terminologik sözlüklerini döretmek taslamasynyň çäginde işlenip düzülen ykdysadyýet, lukmançylyk we harby meseleler boýunça sözlükleri hem ýerleşdirildi. Bu neşirler ylmy terminologiýany standartlaşdyrmakda möhüm ädimdir diýlip, habarda bellenilýär.

Ýene degişli makalalar

Estoniýa Respublikasynyň Türkmenistandaky Ilçisi ynanç hatlarynyň nusgalaryny gowşurdy
Türkiýäniň Aşgabatdaky ilçihanasy Respublikanyň 101 ýyllygyny belledi
Awtoritar ýolbaşçylar we olaryň baý köşkleri
Russiýa Idlibe hüjüm guramaga dowam edýär
Türkmenistanyň işewür toparlarynyň wekilleri Gazagystana iş saparyna çagyrylýar
Türki Döwletleriň Gün Tertbindaki Wakalar