Astanada ŞHG-niň Liderleriniň sammiti başlady

Şu gün Astanada “ŞHG +” görnüşinde 16 ýurduň döwlet we hökümet Baştutanlarynyň gatnaşmagynda Şanhaý Hyzmatdaşlyk Guramasynyň (ŞHG) sammiti öz işine başlady. Bu syýasy çärä Türkiýe, Belarus, Mongoliýa, Azerbaýjan, Katar, BAE ýaly ýurtlaryň Liderleri gatnaşýar. Türkmenistan bolsa, synçy we gepleşik boýunça hyzmatdaş hökmünde gatnaşýar.

BMG, Ykdysady Hyzmatdaşlyk we Ösüş Guramasy (OECD), Aziýada hyzmatdaşlygy we ynamy berkitmek çäreleri boýunça konferensiýasy, Azyk howpsuzlyk boýunça yslam guramasy, Garaşsyz döwletleriň arkalaşygy, Kollektiwleýin howpsuzlyk ylalaşygy guramasy, Ýewraziýa ykdysady komissiýasy ýaly birnäçe halkara guramasy hem bu sammitde ýokary derejede wekilçilik edýär.

“Köptaraplaýyn gepleşikleri güýçlendirmek: durnukly parahatçylygy we ösüşi gözlemek” şygary bilen geçirilýän sammitiň esasy gün tertibinde ŞHG-niň möhüm halkara we sebit meselelerini çözmekde ähmiýetini çüýçlendirer.

Ýolbaşçylar durnuklylygy üpjün etmek üçin, esasan, halkara söwdasyna we ykdysadyýetine ünsi jemlemegi maksat edinýärler. Şeýle hem sammitde sebit howpsuzlygy, infrastruktura, energiýa, daşky gurşaw, saglygy goraýyş, syýahatçylyk, bilim, sanlylaşdyrma, ulag we logistika meseleleri ara alnyp maslahatlaşylýar.

Sammitiň netijesinde Astana Jarnamasy, şeýle hem “ŞHG-niň 2035-nji ýyla çenli ösüş strategiýasy” we “2030-njy ýyla çenli ŞHG-niň energiýa hyzmatdaşlygyny ösdürmegiň strategiýasy” ýaly dürli ugurlarda 20-den gowrak resminama kabul ediler.

Sammitiň gün tertibindäki möhüm temalardan biri terrorçylyga garşy göreş meselesi bolar. Bu çärede “2025-2027-nji ýyllar aralygyndaky döwürde terrorçylyga, separatizme we ekstremizme garşy göreş maksatnamasy” we “ŞHG-niň 2024-2029-njy ýyllar aralygyndaky döwürde neşe serişdelerine garşy strategiýasy” ara alnyp maslahatlaşylar.

Belarusyň ŞHG-ä doly agza bolmagy baradaky karara garaşylýar. Sammitden soň ŞHG-niň başlyklygy Hytaýa geçer.

Taryhy

ŞHG 1996-njy ýylda ilkinji gezek Şanhaýa ýygnanan Russiýanyň, Hytaýyň, Gazagystanyň, Gyrgyzystanyň we Täjigistanyň liderleri tarapyndan esaslandyryldy. Başda gurama “Şanhaý bäşligi” diýlip atlandyryldy, ýöne 2001-nji ýylda Özbegistan oňa goşulandan soň Şanhaý Hyzmatdaşlyk Guramasy diýlip atlandyryldy. 2017-nji ýylda Hindistan we Pakistan, soňra bolsa Eýran gurama goşuldy.

ŞHG-niň synçy ýurtlary Belarus, Mongoliýa we Owganystan, gepleşik boýunça hyzmatdaşlary Türkiýe, Azerbaýjan, Müsür, Saud Arabystany, Birleşen Arap Emirlikleri, Bahreýn, Katar, Ermenistan, Kamboja, Kuweýt, Maldiwler, Mýanma, Nepal we Şri-Lanka bolup durýar.

ŞHG-niň esasy maksatlary agza ýurtlaryň arasynda özara ynamy güýçlendirmek, sebitde parahatçylygy, howpsuzlygy we durnuklylygy goramak üçin hyzmatdaşlygy ösdürmek, terrorçylyga garşy göreşmek, ykdysady hyzmatdaşlygy ösdürmek we medeni gatnaşyklary giňeltmek ýaly ugurlary öz içine alýar.

Ýene degişli makalalar

Türkmenistan BMG-niň Howpsuzlyk Geňeşinde geçirilen açyk çekişmä gatnaşdy
Gahryman Arkadagymyz Gurbanguly Berdimuhamedow wekiliýet Baştutanlarynyň ŞHG+ görnüşindäki duşuşyga gatnaşýar
Türki döwletleriň gün-tertibindäki möhüm wakalar
Türkmenistanyň we Gazagystan Respublikasynyň Prezidentleriniň arasynda telefon arkaly söhbetdeşlik
TÜRKMENISTANYŇ PREZIDENTINIŇ WE GAZAGYSTAN RESPUBLIKASYNYŇ PREZIDENTINIŇ ARASYNDA TELEFON ARKALY SÖHBETDEŞLIK
Gazagystanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowy Astanada geçiriljek sammite gatnaşmaga çagyrdy