Astanada Merkezi Aziýa — 2040 sebit hyzmatdaşlygy maslahatlaşylar

Astanada Merkezi Aziýa — 2040 sebit hyzmatdaşlygy maslahatlaşylar

Ertir — 9-njy awgustda Gazagystan Respublikasynyň Astana şäherinde Merkezi Aziýa döwletleriniň Baştutanlarynyň altynjy konsultatiw duşuşygy geçiriler. Bu duşuşyk köptaraplaýyn hyzmatdaşlygyň häzirki ýagdaýyny seljermäge we geljekki wezipeleri kesgitlemäge mümkinçilik berer. Şonuň bilen baglylykda, nobatdaky durşuşygyň gün tertibine giriziljke mesleler we olardan garaşylýan netijeler Gazagystanyň Strategiki gözlegler institutynyň Aziýa barlaglary bölüminiň baş hünärmeni Alişer Tastenow beýanat bilen çykyş etdi.

Bellenilişi ýaly, altynjy konsultatiw duşuşygyň dowamynda Merkezi Aziýa — 2040 sebit hyzmatdaşlygyny ösdürmek strategiýasyny kabul etmek meýilleşdirilýär.Bu resminama bäştaraplaýyn gatnaşygy giňeltmek we Merkezi Aziýanyň halkara we sebit derjesindäki ornuny pugtalandyrmak üçin işlenip düzüldi.

Duşuşygyň esasy maksady söwda-ykdysady, ulag-logistika infrastrukturasyny ösdürmek ýaly sebitdäki hyzmatdaşlygy, durnuklylygy we howpsuzlygy ösdürmäge gönükdiriler.Merkezi Aziýanyň döwlet Baştutanlarynyň konsultatiw duşuşyklary 2018-nji ýyldan bäri geçirilýär we umumy kynçylyklary çözmekde bilelikdäki hereketler üçin konstruktiw meýdança bolup hyzmat edýär.

Häzirki wagtda hyzmatdaşlyk diňe bir syýasy däl, söwda, ykdysady, maýa goýumlary, ulag we aragatnaşyk, daşky gurşaw, suw, energiýa, medeni-ynsanperwer ugurlarda-da giňeldilýär. Diňe soňky 10 ýylda sebit ýurtlarynyň arasyndaky özara söwda dolanyşygy 2,5 esse ýokarlandy we takmynan 11 milliard dollara barabar boldy.

Ozal habar berşimiz ýaly, şu ýylyň 6-njy awgustynda Türkmenistanyň Prezidenti bilen Gazagystan Respublikasynyň Prezidentiniň arasynda telefon arkaly söhbetdeşlik geçirildi. Onuň dowamynda Prezident Kasym-Žomart Tokaýew Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowy Astanada geçiriljek Merkezi Aziýa döwletleriniň Baştutanlarynyň altynjy konsultatiw duşuşygyna we Merkezi Aziýa — Ýaponiýa dialogynyň birinji sammitine gatnaşmaga çagyrdy.

Ýene degişli makalalar

Türkmenistanda Gazagystanyň Prezidentiniň resmi saparyna garaşylýar
Gazagystanyň Prezidenti resmi sapar bilen Türkmenistana geler
Merkezi Aziýa ýurtlarynyň döwlet Baştutanlarynyň indiki Konsultatiw duşuşygy geljek ýyl Özbegistanda geçer
Türkmenistanyň Prezidenti Merkezi Aziýa döwletleriniň Baştutanlarynyň altynjy konsultatiw duşuşygyna gatnaşdy
Türkmenistanyň Prezidentiniň Gazagystan Respublikasynyň Prezidenti bilen duşuşygy
Türkmenistanyň Prezidenti Gazagystanyň Prezidentini Magtymguly Pyragynyň doglan gününiň 300 ýyllygynyň dabaralaryna çagyrdy