Astanada Magtymguly Pyragynyň ýadygärliginiň açylyş dabarasy geçirildi

Şu gün Gazagystan Respublikasynda iş sapary bilen bolýan türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow Gündogaryň beýik şahyry we akyldary Magtymguly Pyragynyň Astanada gurlan ýadygärliginiň açylyş dabarasyna gatnaşdy.

Ajaýyp söz ussadynyň doglan gününiň 300 ýyllygynyň halkara derejesinde baýram edilýän ýylynda geçirilýän dabara iki doganlyk halkyň medeni we ruhy gatnaşyklarynyň asyrlaryň jümmüşinden gözbaş alýandygyna, Türkmenistan bilen Gazagystanyň arasyndaky dostlukly gatnaşyklaryň mizemezdigine aýdyň şaýatlyk edýär.

Magtymguly Pyragynyň Astanada dikeldilen ýadygärliginiň beýikligi 8,5 metre golaýdyr. Heýkeltaraş Magtymguly Pyragynyň keşbini döredijilik bilen meşgullanýan pursatynda şekillendiripdir. Ýadygärligiň ýanaşyk ýerleri abadanlaşdyrylyp, bagy-bossanlyga öwrülipdir.

Ýene degişli makalalar

Astanada Magtymguly Pyragynyň ýadygärliginiň açylyş dabarasy geçirildi
Gurbanguly Berdimuhamedow Astanada Magtymguly Pyragynyň heýkeliniň açylyş dabarasyna gatnaşdy
Deňizden öwser ýeli türkmeniň
Heýkeltaraş Sylap Hudaýberdiýew halypany ýatlap…
13.09.2017 | Aziadanyň baýdaklary we nyşanlary - ýetip gelen sport baýramynyň buşlukçylary