Astana şäherinde Merkezi Aziýa ýurtlarynyň daşary syýasy edaralarynyň ýolbaşçylarynyň mejlisi geçirildi

9-njy awgustda Merkezi Aziýanyň döwlet Baştutanlarynyň altynjy Konsultatiw duşuşygynyň öňüsyrasynda Gazagystan Respublikasynyň DIM-nde Merkezi Aziýa ýurtlarynyň Daşary işler ministrleriniň mejlisi geçirildi.

Mejlisiň dowamynda taraplar ýokary derejedäki yzygiderli syýasy dialogyň ähmiýetini bellediler. Agzalan formatyň çäklerindäki bilelikdäki işleriň jemleri, şeýle hem sebit we halkara gün tertibiniň häzirki zaman meseleleri boýunça netijeli pikir alyşmalar geçirildi.

Mejlise gatnaşyjylar daşary syýasy edaralaryň arasyndaky hyzmatdaşlygy dowam etdirmegiň zerurlygyny tassykladylar.

Ýene degişli makalalar

Türki dilli döwletleriň gün tertibiniň ileri tutulýan ugurlary
Merkezi Aziýanyň ulag ministrleriniň 2-nji duşuşygy geçirildi
Türkmenistanyň Prezidenti Astana bardy
Şawkat Mirziýoýew Merkezi Aziýa döwletleriniň Baştutanlarynyň Hormat nyşany bilen sylaglanyldy
ARKADAGLY GAHRYMAN SERDARYMYZ MA DÖWLETLERIŇ BAŞTUTANLARYNY MAGTYMGULY PYRAGYNYŇ DOGLAN GÜNÜNIŇ 300 ÝYLLYGYNA BAGYŞLANAN HALKARA MASLAHATYNA GATNAŞMAGA ÇAGYRDY
Türkmenistanyň Prezidenti Merkezi Aziýa döwletleriniň Baştutanlarynyň altynjy konsultatiw duşuşygyna gatnaşdy