“Astana”, “Ludogores” toparlary ýaryşdan çykdy

UEFA Çempionlar ligasynda 1-nji saýlama tapgyrynyň jogap duşuşyklaryndan soň, 2-nji tapgyra çykan klublar belli boldy.Gazagystanyň çempiony “Astana” öz meýdançasynda “KFR Klužy” 10 utsa-da, jogap oýnunda 31 ýeňlip, ýaryşdan çykdy.

Bolgarlaryň “Ludogores” topary wengerleriň “Ferençwaroş” toparyndan 21, 32 hasaplar bilen asgyn gelip, nobatdaky tapgyra çykyp bilmedi.Futbolda yklymyň iň pes netije görkezýän ýurtlarynyň biri bolan Maltanyň “Waletta” toparynyň başga bir şowsuz çykyş edýän Lýuksemburgyň “F91 Dudelanž” toparyndan öňe saýlanmagy aýratyn bellärliklidir. 2-nji saýlama tapgyrynyň 1-nji duşuşyklary 23—24-nji iýulda, jogap oýunlary-da 30—31-nji iýulda oýnalar. Şol tapgyryň iň esasy duşuşygy hökmünde çempion däl klublaryň arasyndaky PSW—“Bazel” hem-de “Wiktoriýa Plzen”—“Olimpiakos” oýunlary görkezilýär.“KFR Kluž” (Rumyniýa)—“Makkabi T.” (Ysraýyl), BATE Borisow” (Belarus)—“Rosenborg” (Norwegiýa), “Nýu-Seýnts” (Uels)—“Kopengagen” (Daniýa), “Ferençwaroş” (Wengriýa)—“Walletta” (Malta), “Dandolk” (Irlandiýa)—“Garabag” (Azerbaýjan), “Saburtalo Tbilisi” (Gruziýa)—“Dinamo Zagreb” (Horwatiýa), “Seltik” (Şotlandiýa)—“Nomme Kalýu” (Estoniýa), “Srwena Zwezda” (Serbiýa)—HJK (Finlýandiýa), “Sutýeska Nikşiç” (Garadag)—APOEL (Kipr), “Maribor” (Sloweniýa)—AIK (Şwesiýa), “Wiktoriýa Plzen” (Çehiýa)—“Olimpiakos” (Gresiýa), PSW (Gollandiýa)—“Bazel” (Şweýsariýa).

Ýene degişli makalalar

“Krasnodaryň” garaşylmadyk ýeňşi
5 topar ýaryşy dowam eder
PSW-niň kynlyk bilen, “Seltigiň” ynamly gazanan ýeňşi
“Bazel” PSW-ni ýaryşdan çykardy
Ýewropa ligasynda 14 topar 2-nji tapgyra çykdy
“Milan” we “Benfika” 23 oýundan bäri ýeňilmän gelýär