Asmanyň Kolumby

Hormatly Prezidentimiziň bilim ulgamyndaky özgertmeleriniň netijesinde, ýokary okuw mekdeplerinde berilýän hünär biliminiň halkara ölçeglerine laýyk getirilmegi hakyndaky talaplaryna laýyklykda, inžener-tehniki hünärmenleri taýýarlamakda döwrebap usullaryny ornaşdyrmak ýola goýuldy.

Ol usullar yzygiderli kämilleşdirilýär.Düýpli ylmy işleri alyp barmak, okatmagyň usullaryny mundan beýläk-de kämilleşdirmek professor-mugallymlardan we ylmy işgärlerden her bir temanyň ýerlikli hem dogry öwrediliş, döredijilikli beýan ediliş usulyny ulanmagy talap edýär. Şol maksat bilen hem ylymda öň gazalylanlar bilen tanyşmak zerurlygy duýulýar.

Ylym äleminde öçmejek yz goýan şahsyýetleriň taryhyny bilmek gyzykly bolsa gerek.Biz Galileo Galileý (1564-1642 ý) diýen ady eşidenimizde ilki bilen Ýer barybir aýlanýar diýen jümle ýadymyza düşýär.

Galileo Galileý Italiýanyň Piza şäherinde Bonajuti maşgalasynda dünýä inýär.Onuň kakasy Winçenso edebiýatdan we saz sungatyndan oňat baş çykarýan adam bolupdyr.Galileý Pizan uniwersitetiniň filosofiýa bölümini tamamlaýar we şol ýerde 25 ýaşynda sapak berip başlaýar.

Ol ylmy işlerinde hemişe tejribä esaslanypdyr.Galileo Galileý teleskop ýasapdyr, onuň ýasan teleskopy asman jisimlerini 30 esse ulaldyp görkezipdir.Alym ilki bilen teleskop arkaly Aýa seredipdir we bu asman jisiminiň bize görnüşi ýaly tekiz däldigini anyklapdyr.

Köp alymlar ilkibaşda onuň aýdan sözlerine ynanmadyk hem bolsalar, teleskopdan seredenlerinde, Galileýiň aýdanlarynyň hakykatdygyny görüpdirler. Şeýle-de bolsa olar ony aýnanyň emele getirýän optiki aldawy diýip, inkär edipdirler.Galileo Galileý Aýyň kraterlerini we gerişlerini açyp, Akmaýanyň ýoluny, tükeniksiz ýyldyzlary, Ýupiteriň hemralaryny, Gündäki tegmilleri görüp, Asmanyň Kolumby şöhratyna eýe bolupdyr.

Onuň şu açyşlary sholastika we buthana bilen bäsdeşligiň başlangyjyny goýýar.Rim buthanasy Kopernigiň garaýyşlaryny wagyz etmekligi gadagan etse-de, Galileý bu taglymatyň hakykylygyny subut etmek işini dowam etdirýär.

Mehanikanyň meseleleriniň üstünde işläp, Galileý tebigy gerekliligiň barlygyna şaýatlyk edýän käbir düýpli kanunlary açýar. Bu pikirler Kepleriň açan planetalarynyň Günüň daşyndaky hereketiniň kanunlary bilen güýçlenýär. Şular hem Galileýe Dünýäniň esasy Ptolomeýiň we Kopernigiň iki ulgamy barada atly eserinde adamzat taryhynda ilkinji gezek tebigatyň kanunlary diýen düşünjäni girizmeklige mümkinçilik berýär.

Galileý emeli zatlary aradan aýryp, tebigaty tejribäniň üsti bilen öwrenmäge çagyrýar.Ol hadysalary düşündirmek üçin tebigy sebäplerini gözlemekligiň gerekdigini belleýär.Onuň pikiriçe, ähli hadysalary takyk mukdar arabaglanyşyklara getirmek mümkin. Şonuň üçin ol ähli ylymlaryň esasynda matematikanyň we mehanikanyň durýanlygy baradaky pikire gelýär.

Galileý ylmy metodologiýa mukdarlaýyn derňewi, tebigatyň tejribeleýin induktiw we abstrakt-deduktiw usullar bilen barlamaklygy girizýär.Galileýiň ylmy usulyýeti ilki bilen matematika we mehanika daýanýar.Ol tebigatyň syrlaryny matematikanyň we mehanikanyň dilini özleşdirmän açyp bolmaýandygyny belläpdir.

Begmyrat Myratmuhammedow,

S.A.Nyýazow adyndaky

Türkmen oba hojalyk uniwersitetiniň talyby.

The post Asmanyň Kolumby appeared first on Zaman Türkmenistan.

Ýene degişli makalalar

Gün hereket edýärmi
Goşa galaktika tapyldy
Biler bolsaňyz!..