Asmandaky pamyklar

Güýz paslynyň gelmegi bilen howa salkynlap, asmanda has köp bulut peýda bolup başlaýar.Bulutlar dürli ululykda, şekilde we reňkde bolýarlar.Ap-ak bulutlar ýumşajyk pamygy ýadyňa salýar. Şeýle bolansoň, çagalaryň köpüsi buluda çykmagy arzuw edýärler. Ýönekeý ýaly bolsa hem bulutlar örän täsin tebigy hadysanyň netijesinde emele gelýärler. Ýer ýüzüniň dürli ýerlerinde şol ýeriň tebigy aýratynlygyna, pasla we howanyň ýagdaýyna baglylykda dürli şekilli bulutlar emele gelýär.

Bulutlar atmosferada tozan bölejiklerine buzuň we suwuň ýapyşmagy netijesinde emele gelýär.Suwuň dykyzlygy öz agramyny göterip bilmejek derejä ýeteninde howanyň ýylylygyna görä gar, ýagyş we ygalyň beýleki görnüşleri hökmünde ýere düşýärler. Çölleriň üstünde, dag gerişlerinde we ummanlarda peýda bolýan buludyň emele gelmegi üçin buguň ýerden belli bir derejede ýokary galmagy, sowamagy we dykyzlaşmagy zerurdyr.

Ine, şekillerine we ululyklaryna görä tapawutlanýan buludyň görnüşleri:

Ýelekpisint bulutlar: buludyň bu görnüşi ýukajyk süýnmek bolup, şeýle bulutlara has köp gabat gelinýär. Adatça, bu bulutlar 6000 metr belentlikde, ownuk buz bölejiklerinden emele gelýär. Örän ýuka bolansoň, onuň içinden Günüň şöhlesi döwülmezden diýen ýaly geçýär. Şemalyň çalaja öwüsmegi bilen bu bulutlar pytrap ýok bolýar.

Topbak bulutlar: ak we çal reňkli bolýan bu bulutlar kiçi kesilen hamyr zuwalalaryna meňzeýär. 2-6 km belentlikde emele gelýän bu bulutlaryň hem dürli görnüşi bolýar. Bu bulutlar ýagynyň ýagmagyna sebäp bolmaýan hem bolsa, howanyň üýtgemegine täsir edýär.

Gatlakly bulutlar: daşarynyň birneme garaňky bolmagyna sebäp bolýan bu bulutlar asmany tutuşlygyna diýen ýaly gaplaýarlar. Çal ýa-da gögümtil reňkli bolýan bu bulutlar emele gelenden soňra ownuk damjaly ýagyş ýagýar. 2000-7000 metr belentlikde emele gelýän bulutly howada Günüň ýa-da Aýyň töwereginde älemgoşar şekilli halka emele gelýän halaty hem bolýar.

Topbak-ýagyşly bulutlar: ýagynyň mukdaryny buludyň dykyzlygy we galyňlygy kesgitleýär. Buludyň bu görnüşi galyň bolup, ýyldyrymyň çakmagyna, ýagşyň we dolynyň (kiçeňräk göjek görnüşli buz bolup ýere ýagýan ýagyn) ýagmagyna sebäp bolýar. Buz bölejiklerinden emele gelensoň belli bir çägi bolmadyk bu buludyň aşaky çägi 4000 metrden hem aşakda bolýar. Ýokarsy bolsa, 10 müň metrden ýokary çykýar.

Torbaşekilli bulutlar: köplenç ABŞ-da we Awstraliýada deňiz kenarlarynda peýda bolýan hem bolsa, dünýäniň beýleki ýerlerinde hem seýrek ýagdaýda gabat gelýär. Buludyň aşak tarapy torba meňzeş bolýar. Bu bulutlar örän owadan tebigy gözelligi emele getirýärler.

Asmandaky çukur: bulutlaryň emele getirýän täsinligi bolsa, asmandaky çukur diýlip atlandyrylýar. Ýuka gatlakly bulutda tegelek ýa-da süýri şekilli açyk ýer, hamana bulutlar ýokary çykmak üçin goýlan gapy ýaly bolup durýar. Bu hadysa buz bölejikleriniň töweregindäki suwuň bugarmagy netijesinde emele gelýär.

Sadappisint bulutlar: bu tebigy gözelligi görmek aňsat däl. Sebäbi buludyň bu görnüşi Ýeriň polýuslaryna ýakyn ýerlerde 15-25 km belentlikde peýda bolýar.

Ýene degişli makalalar

Balkan welaýat ýörite sungat mekdebiniň konserti
Maýottada deňiz harasaty sebäpli 14 adam heläk boldy
Türkmenistanda hepdäniň ahyrynda gar ýagmagyna garaşylýar
Türkmenistanda hepdäniň ahyrynda garyň ýagmagyna garaşylýar
Türkmenistanda howa öňümizdäki üç günüň dowamynda ýene garly we aýazly bolar
Ýangyjy nädip tygşytlamaly?