Asmana sereden mahalymyz ýyldyzlaryň ýerine emeli hemralary görerismi?
Uzak aralykly emeli hemralar mesele döretmeseler hem, esasan hem internet ýaly hyzmatlar üçin ýerleşdirilen we dünýä ýakyn bolan emeli hemralar ylmy-derňewler we asmanyň fotosuraty taýdan mesele bolmaga başlady.
TRT TSR-nyň ähli diňleýjilerine Türkiýäniň paýtagty Ankara şäherinden mähirli salam. “Bilesigilijiniň Bellikleri” atly gepleşigimiziň şu günki bölüminde bolsa “Dünýä ýakyn emeli hemralar, ylmy-derňewler we asmanyň fotosurat taýdan mesele bolmaga başlandygynyň” üstünde durup geçeris.
Dünýäniň ilaty we şäherler ulalyp, köpelmekleri bilen ýüze çykan meseleleriň biri hem yşygyň hapalanmagydyr. Yşygyň hapalnmagy bilen birlikde asmanyň fon ýagtylygy artdy. Onuň netijesinde bolsa esasan hem uly şäherlerde ýaşaýan adamlar gije öz gözleri bilen parlaýan ýyldyzlardan, ýyldyzlar toparyndan, ýakyn aralykda ýerleşýän planetalardan we Aýdan daşary hiç zat görüp bilenoklar.
Ýagdaý bular ýaly bolan mahaly dünýäniň uly şäherlerinde Akmaýanyň Ýoluny görmek mundan beýläk arzuw-hyýala öwrüldi. Esasan hem emeli hemra tehnologiýasynyň özgermegi we döwlet guramadyr-edaralary bilen birlikde hususy ňudaklaryň hem bu ugura gönükmegi, täze bir meseläni ýüze çykardy: Emeli hemra hapalygy.
Sputnik 1-den şu günki güne çenli...
Dünýäniň orbitasyna şu günki güne çenli uçurylan emeli hemralaryň sany 11 müňden, dünýäniň orbitasynyň daşyndan aýlanýan emeli hemralaryň sany bolsa 7 müňden geçdi.
Şol emeli hemralaryň işjeň bolanlaryň sany 4 müňe ýetdi. Beýlekileri bolsa ýa galyndy hökmünde ýere düşürilmäge garaşdyrylýar ýa-da älem zir-zibili hökmünde terk edilen ýagdaýda.
SSSR-iň ilkinji emeli hemrasy Sputnik 1-i 1957-nji ýylda uçurmagyndan bäri ylmy-derňew, meteorologiýa, aragatnaşyk we harby maksatlar bilen älem giňişligine müňlerçe emeli hemra uçuryldy. Häzirki wagtda dünýäniň orbitasynda ABŞ-nyň 2 müň 27, Hytaýyň 224, beýik Britaniýanyň 129, Russiýanyň 83 we Ýaponiýanyň 82 emeli hemrasy bar.
Asteroidlere syn ve fotosuratçylyk...
Emeli hemralaryň iň köp täsir ýetiren ugurlar bolsa atreoidlere syn we asman fotosuratçylygy boldy. Esasan hem älem giňişligine syn edýän adamlar, ýeriň ýüzüne ýakyn emeli hemralar sebäpli meseleler başdan geçirilýär. Şol sebäpli emeli hemralaryň geçiş sagatlaryny görkezýän programma üpjünçilikleri, internet saýtlary, ykjam telefon gollanmalary bar.
Emma ondada meseleleriň hötdesinden gelinip bilinmeýär, sebäbi emeli hemralaryň sany barha artýar. Ilon Maska degişli Starlink taslamasy bütin dünýä ýetjek internet hyzmaty üçin mňlerçe emeli hemrany dünýäniň orbitasyna ýerleşdirmegi maksat edinýär.
Älem giňişligine syn edýänlere hem täsir ýetirýär...
Ýakyn aralykdaky emeli hemralar ylmy-derňew bilen bagly gözegçiliklerede täsir ýetirýär. Türkiyäniň hem Erzurum welaýatynda gurluşygyny dowam etdirýän 4 metr uzynlygyndaky ägirt uly teleskop ýaly möhüm teleskoplar bilen älem giňişligine dowamly syn edilýär. Şol synlaryň käbirleri asteroidler bilen baglanşyklydyr. Dünýäniň tapawutly nokatlarynda esasan hem gün dogmanka dünýä ýakyn bolan kiçiräk asteroidlere syn edilip, ugurlary hasaplanýar.
Asteroidiň dünýä ýakyn geçip-geçmejekdigi ýa-da süsüp süsmejekdigi şol edilýän synlar bilen göz ýetirilýär. Emma dünýä ýakyn bolan emeli hemralar şol syn ediş tapgyrlara ýaramaz täsir ýetirýär. NASA şol maksat bilen Planetany goramak koordinasiýa ofisini (PDC0) döredipdi.
Ýüze çykan şol täze meselelere garşy global derejede çözgüt gözlegleri dowam edýär.
TRT TSR-nyň hormatly diňleýjileri, “Bilesigelijiniň Bellikleri” atly gepleşigimiziň bu günki bölüminde “Dünýä ýakyn emeli hemralar ylmy-derňewler we asmanyň fotosurat taýdan mesele bolmaga başlandygynyň” üstünde durup geçdik. Temanyň tekstini www.trt.net.tr/turkmen saýtyndan hem okap bilersiňiz. Mundan soňky bölümlerde görüşýänçäk çenli, Hoş sag boluň.