Asman giňişliginde Gün energiýasyny ýygnar

Merkezi edarasy ABŞ-nyň Florida ştatynda ýerleşýän Star Catcher atly kompaniýa Ýeriň orbitasynda Gün panellerini oturdyp, elektrik energiýasyny almagy meýilleşdirýär. Ýygnalan elektrik energiýasy beýleki kosmos gämilerine we enjamlaryna iberiler. Taslamany durmuşa geçirmek üçin ilkinji emeli hemranyň geljek ýyl uçurylmagyna garaşylýar. Taslamanyň çäginde jemi 200 sany Gün panelli emeli hemra uçurylar. Kompaniýa taslamany durmuşa geçirmek üçin

12,25 million dollar toplapdyr. Kompaniýa emeli hemralar üçin birmeňzeş infrastrukturany döretmegi meýilleşdirýär. Şeýle hem taslama Aýyň garaňky tarapyndaky işlere hem goldaw berip biler.

Kosmos giňişliginde oturdyljak Gün panellerine howa ýagdaýy täsir etmeýär. Şeýle bolansoň, bu paneller has önjeýli işleýär. Käbir kompaniýalar bolsa, kosmosda ýygnalan elektrik energiýasyny Ýere ibermegiň hem aladasyny edýär.

Ýene degişli makalalar

Gallam bar tyllam bar
Galla oragy möwsüminde 2 müň 64 sany däne ýygýan kombaýn işlediler
Samsung täze eplenýän smartfon oýlap tapdy
Daşoguzly telekeçi zenan 434 gektar ýerden 8 müň tonna golaý ýeralma aldy
NASA Mars planetasynda ýazylan sesleri köpçülige çykardy
Daşoguzda gektar başyna 15 sentnerden mäş hasylyny ýygnamak meýilleşdirilýär