Asly türkmenistanly bir gyz Birleşen Ştatlaryň gözellik bäsleşiginde çykyş edýär.
Mundan owal, has dogrusy şu ýylyň ýanwarynda Narine Işhanow ABŞ-nyň Ýuta ştatynyň gözellik bäsleşiginiň ýeňijisi bolmagy başarypdy. Netijede, ol 21-nji maýda ýurt boýunça geçirilýän gözellik bäsleşiginde Ýuta ştatyna wekilçilik eder.
renderExternalContent("https://www.youtube.com/embed/ouwe1ohlmZI?&&&fs=1")
Milleti boýunça ermeni, 24 ýaşly Işhanow Aşgabatda dogulyp, ol 14 ýyl mundan ozal ABŞ-a immigrirläpdi. Ilki bilen, onuň kakasy Birleşen Ştatlaryna 2000-nji ýylda, 2004-nji ýylda hem 11 ýaşly Işhanowyň özi we ejesi bu ýurda geldiler. Işhanow ABŞ-a gelen wagty iňlisçe diňe üç, ýagny “sag bol”, “oglan” we “gyz” sözlerini bilendigini aýdýar.
Işhanow Ýuta Uniwersitetini tamamlap, häzir ol stomatologiýa ugry boýunça okuwyny dowam etdirmegi meýil edinýändigini aýdýar.
“Ençeme gezek suratçylar meniň himiýany we psihologiýany öwrenýändigime, şeýle-de diş lukmany ugry boýunça okuwymy dowam etdirmek isleýändigime geň galdylar. Olar biz seniň bular ýaly şahsyýetdigiňi hiç çaklamazdyk’ diýerdiler” diýip, Işhanow “The Salt Lake Tribune” neşirine beren interwýusynda belledi.
/*
initInfographics(
{
groups:[],
params:[],
isMobile:true
});
#GR-952-telegram {
outline:1px solid #DEE1E2;
height: 73px;
padding: 0px 10px;
float: none;
}
#GR-952-telegram img {
width: 60px;
}
#GR-952-telegram:hover {
outline: 2px solid #61a8de;
}
#GR-952-telegram .text {
margin-right: 20px;
text-align: center;
}
#GR-952-telegram span {
color: #61a8de;
}
#GR-952-telegram p {
font-size: 18px;
margin:0;
color: #7C858D;
line-height: 1.2;
}
@media (min-width: 640px) {
#GR-952-telegram p {
font-size: 21px;
}
#GR-952-telegram img {
width:130px;
}
}
Azatlyk Radiosynyň Telegram kanalyna ýazylyň
Mundanam başga, Işhanow ulag-transport kompaniýasyny esaslandyryp, ony dolandyrýar. Şeýle-de, ol Ýutanyň STEM, ýagny Ylym, Tehnologiýa, Inženerçilik we Matematika Hereket Merkeziniň ilçisidir.
Narine Işhanow durmuş ýolunda öz ene-atasyndan görelde alýandygyny, olardan ruhlanýandygyny aýdýar.
“Men öňe ymtylýaryn. Enem-atamyň bizler üçin nähili agyr zähmet çekýändigini görüp, men durmuşyň agyr pursatlary barada hiç haçan zeýrenmek islemeýärin” diýip, Işhanow “The Salt Lake Tribune” neşirine beren interwýusynda nygtady.
“Ejem bilen kakam bu ýerde [Türkmenistanda] gyzymyzyň hiç hili geljegi ýok. Näme etsek gowy bolarka?’ diýip, oýlandylar. Soňra, kakam Amerika gitmek kararyna geldi. Şol wagtlar, Türkmenistanda beýle pikirler juda howplydy” diýip, Işhanow belledi.
/*
initInfographics(
{
groups:[],
params:[],
isMobile:true
});
#GR-952-news-app {
outline:1px solid #DEE1E2;
height: 73px;
padding: 0px 10px;
float: none;
}
#GR-952-news-app img {
display: none;
}
#GR-952-news-app:hover {
outline:2px solid #EA6903;
}
#GR-952-news-app .text {
margin-right: 20px;
text-align: center;
}
#GR-952-news-app span {
color: #EA6903;
}
#GR-952-news-app p {
font-size: 16px;
margin:0;
color: #7C858D;
line-height: 1.2;
}
@media (min-width: 480px) {
#GR-952-news-app p {
font-size: 18px;
}
#GR-952-news-app img {
display: block;
width: 72px;
}
}
@media (min-width: 640px) {
#GR-952-news-app p {
font-size: 20px;
}
#GR-952-news-app img {
width: 152px;
}
}
Azatlyk Radiosynyň mobil tilsimi Indiriň we soňky maglumatlar barada habarly boluň
Işhanow ABŞ-nyň neşirine beren interwýusynda Ýuta gelen mahaly, özleriniň juda ýyly we myhmansöýerlik bilen garşylanandyklaryny hem nygtady.
“Ýutada okuwa gatnaýan mahalym käbir okuwçylar mugallymlardan, nahardan şikaýat ederdiler. Men bolsa öz içimden iň bolmanynda mugallymlar lineýka bilen elleriňizi urmaýarlar. Meni urdylar” diýip, pikir ederdim” diýip, Işhanow sözüne goşdy.
Ýokarda hem belleýşimiz ýaly, Işhanow ABŞ-nyň gözellik bäsleşiginde duşenbe güni çykyş eder. Eger-de, ol ýeňiji bolmagy başarsa, onda ol Älem gözeli bäsleşigine gatnaşmaga hukuk gazanar.
Galyberse-de, Işhanow Türkmenistandan daşary çykyp, dürli pudaklarda uly ýeňişleri gazanmagy başarananlaryň biridir.
Azatlyk Radiosy Türkmenistanda wagty üstünlige eýe bolup bilmedik, ýurduň daşyna çykan pursady bolsa, aýdym-saz, şygyryýet, sport we beýleki dürli ugurlar boýunça meşhurlyk gazanmagy başaran şahsyýetler barada maglumatlary beripdi.