Ashgabat Open 2024 halkara ýaryşy badalga aldy

11-nji noýabrda paýtagtymyzda 14 ýaşa çenli oglan-gyzlaryň arasynda geçirilýän tennis boýunça Ashgabat Open 2024 atly halkara ýaryşyň açylyş dabarasy boldy. Ýaryşa Ýewropanyň we Aziýanyň 12 ýurdundan Beýik Britaniýadan, Hindistandan, Eýrandan, Iordaniýadan, Gazagystandan, Malaýziýadan, Birleşen Arap Emirliklerinden, Pakistandan, Täjigistandan, Türkiýeden, Özbegistandan we Türkmenistandan türgenler gatnaşýarlar.

Bu halkara ýaryşy ýokary derejede geçirmek maksady bilen, Türkmenistanyň Bedenterbiýe we sport baradaky döwlet komitetinde ýurdumyzyň degişli ministrlikleriniň, pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň wekillerinden ybarat bolan iş topary döredilip, onuň ýerine ýetirmeli çäreleriniň meýilnamasy tassyklanyldy.

Tennis boýunça Ashgabat Open 2024 atly halkara ýaryşyň açylyş dabarasy paýtagtymyzyň Olimpiýa şäherçesiniň desgalarynyň düzümine girýän Tennis toplumynda guraldy.Olimpiýa şäherçesiniň 4 müň orunlyk sport toplumyna köp sanly tomaşaçylar ýygnandy we bu ýerde baýramçylyk ýagdaýy emele geldi.

Hemmeler çäräniň başlanýandygyny alamatlandyrýan açylyş dabarasyna sabyrsyzlyk bilen garaşýar.Sport toplumynyň meýdançasyna ýaryşa gatnaşyjy ýurtlaryň Döwlet baýdaklary we olaryň atlary ýazylan ýazgylar getirilýär.Resmi açylyş dabarasy badalga alýar.

Dabaraly ýagdaýda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň Gutlagy okalýar.Onda sporta gadymy döwürlerden bäri parahatçylygyň we dostlugyň nyşany hökmünde garan ata-babalarymyzyň asylly ýoluny dowam etdirip, ýurdumyzda sportuň dünýä ýurtlary bilen hyzmatdaşlygyň möhüm ugry, halklaryň arasynda dostlukly gatnaşyklary berkitmegiň ählumumy serişdesi hasaplanýandygy bellenilýär.

Eziz Diýarymyzyň sport taryhynda möhüm waka boljak bu ýaryşyň sport ulgamynda halkara hyzmatdaşlygy pugtalandyrmaga, parahatçylygy we dostlugy dabaralandyrmaga, Olimpiýa hereketiniň ýörelgelerini wagyz etmäge hem-de ornaşdyrmaga, tennis boýunça ýaş türgenleriň ussatlyklaryny, tejribelerini artdyrmaga uly goşant goşjakdygyna berk ynanýaryn diýip, döwlet Baştutanymyz Gutlagynda nygtady hem-de Ashgabat Open 2024 halkara ýaryşynyň sport baýramçylygy ruhunda geçirilýän günlerinde daşary ýurtly myhmanlaryň türkmen halkynyň myhmansöýerligi bilen ýakyndan tanyşjakdyklaryna we olaryň kalbynda güneşli ýurdumyz hakynda ýakymly duýgularyň galjakdygyna berk ynam bildirdi.

Hormatly Prezidentimiziň Gutlagy uly ruhubelentlik bilen diňlenildi we şowhunly el çarpyşmalar bilen garşylandy.Dabaranyň tolgundyryjy pursady gelip ýetýär: tennis boýunça Ashgabat Open 2024 halkara ýaryşy açyk diýlip yglan edilýär.

Türkmenistanyň Döwlet senasy ýaňlanýar.Onuň belent owazy astynda Watanymyzyň mukaddes tugy asmana galdyrylýar.Soňra Türkmenistanyň Tennis federasiýasynyň başlygy, Aziýanyň Tennis federasiýasynyň wise-prezidenti E.Döwletowa söz berildi.

Ol sportuň, hususan-da, tennisiň ösdürilmegine aýratyn üns berýändikleri, şeýle hem bu iri halkara ýaryşy ýokary derejede geçirmäge mümkinçilikleriň döredilendigi üçin hormatly Prezidentimize hem-de Gahryman Arkadagymyza çuňňur hoşallyk bildirip, hemmeleri ýaryşyň başlanmagy bilen gutlady we üstünlikleri arzuw etdi.

Soňra Halkara Tennis federasiýasynyň wekili, tennis boýunça Ashgabat Open 2024 halkara ýaryşynyň baş emini Mahdi Malekzadä söz berildi.Türkmen tarapynyň ýaryşlary geçirmek üçin iň amatly şertleri, döredendigini şol sanda ajaýyp sport desgalaryny gurandygyny belläp, myhman tennisi ösdürmäge berýän goldawlary üçin hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowa hem-de türkmen halkynyň Milli Liderine HTF-niň adyndan çuňňur hoşallyk bildirdi.

Dabaranyň resmi açylyşy tamamlanandan soňra, aýdym-sazly sahnalaşdyrylan çykyşlar ýerine ýetirildi.Medeniýet we sungat işgärleri, Çagalar we ýetginjekler köşgüniň topary, “Galkynyş” tans topary, Türkmen döwlet bedenterbiýe we sport institutynyň talyplary öz ussatlyklaryny görkezdiler. Şeýle hem paýtagtymyzdaky sport mekdepleriniň okuwçylary ajaýyp görkezme çykyşlaryny ýerine ýetirdiler. Şeýlelikde, tennis boýunça Ashgabat Open 2024 halkara ýaryşy badalga aldy. Öňümizde janköýerlere tennis meýdançalaryndaky tolgundyryjy duşuşyklar garaşýar.

Bäsleşigi guraýjylar oňa gatnaşyjylar üçin medeni maksatnama taýýarladylar.Onuň çäklerinde myhmanlar Älem medeni-dynç alyş merkezine, Janly tebigatyň milli muzeýine, Halkara ahalteke atçylyk sport toplumyna baryp görerler, Olimpiýa şäherçesine gezelenç ederler, Berkarar, Aşgabat, Arkaç söwda-dynç alyş merkezleri, paýtagtymyzyň beýleki gözel ýerleri bilen tanşarlar. /* custom css */ .td_uid_15_6733457b6b077_rand.td-a-rec-img { text-align: left; } .td_uid_15_6733457b6b077_rand.td-a-rec-img img { margin: 0 auto 0 0; }

Ýene degişli makalalar

“Barselonadan” utulanynyň ahmyryny “Bohumdan” çykardy
Aşgabatda halkara tennis ýaryşy geçirilýär
Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň mejlisi
Türkmenistan sportuň we üstünlikleriň ýurdy
Aşgabatda 14 ýaşa çenli ýetginjek oglan-gyzlaryň arasynda tennis boýunça halkara ýaryş geçiriler
18-nji noýabrda Türkmenistanyň esasy habarlarynyň daýjesti