Aşgazan-içege ýokançlaryndan goranmagyň ýollary…

Aşgazan-içege ýokançlaryndan goranmagyň ýollary…

Aşgazan-içege ýoganjy yssy howada hasam köpelýär. Garyn agyrysy, içgeçme we gusma ýaly näsaglyklar bilen dowam eder.

Ýokanç köplenç ýeňil dowam edip, birnäçe günüň dowamynda öz-özünden geçýär. Emma gusma we içgeçme güýçli bolanda, bedeniň suw we elektrolit ýitgisi ýüze çykýandygy üçin hassahana gitmek gerek bolýar.

Elleriňizi ýygy-ýygydan ýuwuň

Ýokançdan goranmak üçin esasy düzgün; ýygy-ýygydan elleri ýuwmakdyr. Ellerden azyklara geçýän mikroorganizmalar siňdiriş ulgamynda ýokançlara sebäp bolýar. Hajathanadan, öý we mellek işlerinden, eldeki haýwanlara degenden soň hökmany suratda elleriňizi ýuwuň. Azyk önümlerini ellemezden öň hem elleriň ýuwulmagy möhümdir. Eller azyndan 30 minut bol sabynly suw bilen, barmak aralary bilen bilelikde owkalanyp ýuwulmaly.

Gigiýena

Amatsyz şertlerde goýulan ýa-da açyk ýerde uzak möhlet duran azyk önümleri aşgazan-içege ýoganjynyň esasy sebäbi hökmünde kabul edilýär. Yssy şertlerde mikroorganizmler ýeňillik bilen köpelip, aşgazan-içege ýokanjyna sebäp bolýar.

Açyk satylýan azyklardan we içgilerden, ulanyş möhleti gutaran önümlerden, pastorizlenmedik süýt we süýt önümlerinden çetde duruň. Azyklary sowadyjydan daşarda uzak garaşdyrmaň.

Çig gök we miwe önümlerini bol we arassa suw bilen ýuwuň. Esasanda açyk bufet serwis edilýän ýerlerde açyk ýerde uzak möhlet duran sously, maýonezli we kremaly azyklar esasy ýokanç sebäpkäri bolup biler.

Çarşak, pyçak we çemçe arassa bolmaly. Azyklary el bilen iýmäň.

Içgileriňize goşulan buza üns beriň

Esasanda suw, tomus aýlarynda infeksiýalaryň ýokaşmagyna sebäp bolýar. Gözegçiliksiz agyz suwlaryndan daşda duruň. Mejbury ýagdaýlarda suwy gaýnadyp içiň. Salkynlamak üçin içgileriňize goşýan buzuňyza üns beriň, sebäbi buz hem esasy ýokançlara sebäp bolup bilýär. Esasanda hyzmat ediş desgalarynda buzuň şäher suw ulgamyndan gelýän suwdan taýýarlanmagy, aýratynam buz enjamlarynyň günlük arassalanmazlygy ýokanç howpuny ýüze çykarýar.

Nirdeden gelendigini bilmeýän suwuňyzy içmäň

Esasanda suw tomus aýlarynda esasy infeksiýa sebäpkäridir. Arassadygyny bilmeýän suwuňyzy içmek maslahat berilmeýär.

Basseýin

Tomusyň jowzaly yssysynda salkynlamak üçin düşülýän basseýinler we hapa deňizler ýokançlara sebäp bolýar. Esasanda basseýnleriň arassaçylyk şertlerini barlaň we onuň ýygy-ýygydan edilýändigine doly göz ýetiriň. Basseýiniň suwuny ýuwutmazlyga üns beriň.

Gowy bişirilen azyklary iýiň

Esasanda et, towuk eti, balyk ýaly beloklaryň gowy bişirilmegine üns beriň. Aýratynam bakja we miwe önümlerini gowy ýuwuň.

Umumy hajathanalar mikroplaryň emele gelmegine sebäp bolýar

Hajathanalaryň arassa bolmagy, esasanda aşgazan-içege ýokançlaryna sezewar bolan adamlaryň ulanýan hajathanalarynyň yzgiderli arassalanmagy hökmanydyr. Umumy süpürgiç ulanmakdan çetde durulmaly.

Aşgazan-içege ýokanjyna duçar bolanyňyzda;

· Ýokanjyň dowamynda bedeniňize suw, duz we mineral taýdan goldaw beriň. Sap soda içiň.

· İçgeçme aýrylýança ýagsyz we az süýmli berhiz tutuň.

· İçgeçmäniň dowamynda ýagsyz çorba, ýagsyz peýnir, gatyk, gaýnadylan kartoşka, alma, şetdaly, banan we käşir iýiň.

· İçgeçmede kepek çöreginden, ýagly we süýji azyklardan, gök we miwe önümlerinden daşda duruň.

· Halk arasynda içgeçmäni aýyrýandygy aýdylýan gury kofeden we çaý içmekden çetde duruň. Sebäbi kofe we çaý bedende suwklygyň azalmagyna sebäp bolýar. Köp mukdarda suw içmek maslahat berilýär.

Esasy ýalňyşlardan biri hem lukmana geňeşmän içgeçme dermanlarynyň içilmegidir. İçgeçme dermanlarynyň ýerliksiz peýdalanylmagy, içege näsazlyklaryna sebäp bolup, siňdiriş ulgamyndaky zyýanly mikroorganizmalaryň işlenip çykarylmagyny duruzýar we içege hassalyklaryny hasam agyrlaşdyryp bilýär.

Uzak dowam eden, bejergilere reaksiýa bildirmeýän, ganly we sülekeýli içgeçmeleriň içege keselleri sebäplidigi üçin gastroenterologiýa lukmanyna görüniň.

Aşgazan-içege ýokançlaryna peýdaly tebiry bejergiler

Limonly suwy

Içege ýoganjynyň tebigy bejergilerinden biri bolan limonly suw, içegelerdäki iriňiň arassalanmagyny üpjün edýär.

Sarymsak

Içege ýokanjy öýde bejerilýän bolsa, günde 2 diş sarymsak iýmek maslahat berilýär.

Zenjebil

Zenjebiliň düzümindäki antibakterial maddalar ýokanjyň ýaýramagynyň öňüni alýar.

Zerdeçal

Içegelerde emele gelen we ýaýran ýokanjyň öňüniň alynmagy taýdan peýdalydyr.

Bally suw

Bally suw içeniňizde içegelerdäki ýoganç arassalanmaga başlaýar.

Narpyz çaýy

Narpyz çaýy, içegeleri rahatlandyrýan ösümlik çaýlaryndan biridir. Ýokançda bolsa iriňi arassalaýar we içegeleriň has kadaly işlemegini üpjün edýär.

Kartaşkonyň suwy

1 kartaşkony artyň we gowuja ýuwup, gyraň. Gyralan kartoşkanyň suwuny süzüp, täzeligine içiň.

Çia tohumy

Çianyň tohumy, içege ýokanjynda içegeleri rahatlandyryp, siňdirişi ýeňilleşdirýän funksiýasy bilen peýdalydyr.

Öýde edilen gatyk

Içegelerdäki bakteriýalaryň zyňylymyny ýeňilleşdirýän gatyk, immunitet ulgamyňyzy güýçlendirip, ýokançdan gutulmagyňyzy üpjün eder.

Sogan

Içegeleri ýadadan iriňiň arassalanmagy üçin çig sogan iýmek maslahat berilýär.

Ýene degişli makalalar

Tomus pasly üçin maslahatlar
Tomus pasly üçin maslahatlar
Sesiň gyrylmagyna tebigy bejergiler
Agyz ýaralaryna we ýaralara tebigy çözgüt teklipleri
Seýdiniň nebiti gaýtadan işleýän zawodynyň önümçilik desgasynyň maddy-üpjünçilik binýady pugtalandyrylar
Ykdysady ösüşler abadançylygyň kepili