Aşgabatlylaryň öňünde Mariinkanyň hem-de Moroşka aýdym we tans teartynyň ýyldyzlary çykyş etdiler

Magtymguly adyndaky sazly-drama teatrynyň sahnasynda russiýaly artistleriň konserti uly üstünlikli geçdi.Aşgabatly tomaşaçylaryň öňünde Mariinka teatrynyň solistleri Russiýanyň at gazanan artisti Tatýana Pawlowskaýa bilen halkara bäsleşikleriniň laureaty Aleksandr Trofimow, şeýle hem Sankt-Peterburgyň Moroşka döwlet aýdym we tans teatrynyň topary çykyş etdiler.

Söhbetdeşligimizde teatry esaslandyryjy we onuň ýolbaşçysy Nadežda Poltawçenkonyň belleýşi ýaly, toparyň maksady rus folkloryny ýaýmak, däpleriň dowamatlylygy we halk aýdym-saz sungatyny döwrebap tilsimlerde bermekdir. -Toparymyzyň döredileni bäri geçen 10 ýylda teatryň artistleri Hytaýda, Beýik Britaniýada, Irlandiýada, Gresiýada, Fransiýada, Alžirde, Ysraýylda çykyş etdiler.

Bu biziň Türkmenistana ilkinji saparymyz, paýtagtyňyzyň gözelligi we türkmen halkynyň myhmansöýerligi bizi haýrana goýdy.Döredijiligimiz bilen siziň tomaşaçylaryňyzyň ýüregini eýelejekdigimize umyt edýäris diýip Nadežda Poltawçenko gürrüň berdi.

Konsert Wýaçeslaw Kruglikiň Wiwat, Sankt-Peterburg!aýdymy bilen açyldy.Peterburglylar hem aşgabatlylar ýaly, öz şäherini ýürekden söýýärler we onuň kaşaňlygyna buýsanýarlar.Tatýana Pawlowskaýa bilen Aleksandr Trofimow solo çykyş etdiler.

Soňra sahna rus milli eşikli çakgan, çalasyn tansçylar çykdylar.Olaryň şadyýanlygyndan köňli joşa gelen tomaşaçylar tansçylary şowhunly el çarpmalar bilen mübäreklediler.Onuň yzysüre Derýajyk boýuna çykarmykam men, Il içinde, tans edilende beýleki şadyýan aýdymlaryň soňy kem-kemden uruş ýyllarynyň aýdymlaryna ýazdy.

Bulat Okudžawanyň Oglanlar, hoş galyň, Wasiliý Solowýow-Sedoýyň Bilbiller, Mihail Fradkiniň Berline barýan ýol aýdymlary ýaňlandy.Dawid Tuhmanowyň belli Ýeňiş güni aýdymynyň ilkinji akkordlaryndan zaldakylar ör turdylar, tomaşaçylaryň käbiri Aleksandr Trofimowyň aýdymyna hiňlenýärdiler, käbirleri aglaýardy, bu ajaýyp aýdym hiç kimi biparh goýmady... -Tatýana Pawlowskaýa ikimizem opera aýdymçysy, bu agşam biziň üçin şeýle konsertde ilkinji çykyşymyz, -diýip Aleksandr Trofimow gürrüň berýär.

Biz ýörüte bu çärä gabatlap birnäçe aýdym öwrendik, biraz tolgunandygymyzy hem aýdaýyn, hoşamaýlygy we mähirliligi üçin diňleýjilerden müň kerem razy. Ýeňiş güni aýdymyny saýry saýýaryn, ondaky güýçli duýgylary diňleýjilere ýetirip bilendigime begenýärin.

Golaýda beýik baýramyň sazdaky simwoly bolan bu eseriň döreýiş taryhy bilen tanyş boldum.Aýdymy Dawid Tuhmanow hem-de Wladimir Haritonow Ýeňşiň 30 ýyllygyna bagyşlanan iň gowy eserleriň bäsleşigi mynasybetli döredipdirler, ýöne SSSR Kompozitorlar birleşiginiň wekilleri awtorlary onuň sazyndaky jaz elementleri üçin tankyt edipdirler....

Ony ile meşhur eden 1975-nji ýylyň noýabrynda göni efirde ýerien ýetiren Lew Leşşenkodyr.Ol Ýeňiş güni aýdymynyň meşhur bolan günidi.Interwýularynyň birinde Lew Leşşenko Ýeňiş güni aýdymyny ilkinji konsert çykyşynda ýerine ýetirişini ýatlap şeýle gürrüň berdi: Adamlaryň gözüne ýaş indi, olaryň köpüsi ör turup, aýdymy duran ýerinden diňlediler. Şonda men onuň beýik aýdymdygyna düşündim, begenjimiň, buýsanjymyuň çägi ýokdy.

Aleksandr Trofimow: -Maňa bu aýdymy Iýerusalimde hem aýtmak miýesser etdi, şo taýda-da şeýle boldy diňleýjiler aýdymy ör turup, gözi ýaşly diňleýärdiler.Bu aýdym üçin awtorlaryň öňünde baş egýärin!

diýdi.

Ýene degişli makalalar

Bagtyň salgysy
Russiýada mugt magistratura okamaga mümkinçilik berýän halkara olimpiada yglan edildi
01.11.2018 | Russiýanyň Türkmenistandaky kino günleri
Ýewropada Täze ýylda nädip arzuw edýärler
Russiýanyň Türkmenistandaky kino günleri
Serdar Berdimuhamedowa Sankt-Peterburgyň hormat nyşany gowşurylar