Türkmenistan kinokonsert merkezinde Italýança Täze ýyl ady bilen geçirilen konserte tanymal aýdymçy-sazandalar gatnaşdylar.Bu üýtgeşik tomaşany Türkmenistanyň at gazanan artisti, pianinoçy Wladimir Mkrtumow teklip etdi.Solistler Maýsa Nyýazowa bilen Aleksandr Koçetow Stilýagalar-2019 çykyşlarynda aýdym-saz muşdaklaryny şeýle bir özüne maýyl etdiler welin, olar petekleriň ählisini premýeradan has öň satyn aldylar, italýan stlistikaly täze ýyl konsertinde tomaşaçylar zaly doldurdylar.
Babo Nattale italýanlaryň Aýaz Babasy täze ýyl sahna bezeginiň baş gahrymany boldy.Konsert degişme sazy bilen başlandy, Wladimir Mkrtumow roýalyň başyna geçdi-de, Nino Rotanyň Çokundyran ata kinofilmine ýazan dramatizme ýugrulan sazyny çalyp ugrady.
Onuň yz ýany bilen sahna çykan Maýsa bilen Aleksandr geň galyp: -Waldimir Sergeýewiç, Täze ýyl ahyry!diýdiler.Wladimir Sergeýewiç ylalaşýan şekilde baş atdy-da, bu sazy indi jaz aranžirowkasynda çalyp ugrady.
Sen, diňe sen!aýdymy aşyklaryň ählisine bagyşlanma boldy.Maýsa bilen Aleksandr meşhur aýdymy ýöne bir aýdaýman, eýsem artistlik ussatlygyny we italýan fonetikasyny gowy bilýändiklerini görkezdiler.Sýuzanna, Mambo italýano, Italýan ýigidi, Jebirli ýürek we beýleki aýdymlar ýerine ýetirildi.
Täze ýylyň golaýlap gelýändigi göz öňünde tutulyp, meşhur aýdymlaryň ozboluşly sazlaryna roždestwo owazlary sazlaşykly goşuldy.Wladimir Mkrtumow (fortepianoda), Timur Öräýew (urulyp çalynýan saz gurallarynda), Igor Şewsow (bas-gitarada), Merdan Ýazmyradow (saksofonda) täsirli improwizasiýaly saz öwrümleri, şadyýan owazlar bilen eserleriň çeper ýaňlanmagyny gazandylar.
Tomaşaçylar aýdymçy-sazandalaryň çykyşlaryna ýokary baha berdiler.Aýdymlaryň köpüsine Aperin!diýseler, halan aýdymlaryny aýdymçylara goşulyp hiňlendiler.Maýsa Nyýazowa tomaşaçylar bilen bilelikde el telefonyna surat düşmegi teklip edende, olaryň begenjiniň çägi bolmady.