“Azatlygyň” Aşgabatdaky habarçylary dowamly ýagan ýagyşlardan soň gelen siliň şäheriň köçelerini basandygyny, jaýlara, ýerzeminlerdäki edara jaýlaryna zyýan ýetendigini, paýtagtlylaryň tebigy hadysanyň netijeleri bilen başa-baş galandyklaryny, ýolagçy otlusynyň gatnawynyň togtadylandygyny habar berýärler. “Hatda “Parahat” etrapçasynda garaşsyzlykdan öň gurlan berk dokuz gat jaýlaryň 9-njy, 8-nji gatlaryndan hem suw geçdi, diwarlardan syrygýan suwlar basgançaklar bilen aşaklygyna şaglap akýar” diýip, "Azatlygyň" habarçysy 13-nji aprelde aýtdy.
Onuň sözlerine görä, ýokarky gatlardaky jaýlaryň käbrinde çyra lýustralarynyň dakylan ýerinden suw bedreläp guýulýan ýaly akdy.Dokuz gatly jaýlaryň köpüsiniň birinji gatlary unitazlardan gelýän we çüwdürilip akýan suwlardan zyýan çekdi, jaýlaryň pollaryny suw basdy. “Ýerzeminlerdäki edara jaýlaryny hem suw basdy.
Adamlar gijesi bilen bedreläp suw çykardylar.Nebit-gaz toplumynyň işgärleriniň Moskwa prospektiniň ugrunda ýerleşýän jaýlarynyň diwarlaryndan bolsa, ähli gatda suw joralanyp akdy.Ol jaýlaryň girelgelerini suw aldy.
Maşynlar uzak gije güwläp işläp, ötükleriň we merkezi köçeleriň suwuny sordurdylar.Ir sagat 7-de bolsa, ýene ýagyş ýagdy” diýip, "Azatlygyň" habarçysy 14-nji aprelde habar berdi. Şeýle-de ol, ýekşenbe güni Türkmenabatdan gelip, azyk önümlerini satýan aýallaryň bu gün gelmändiklerini, sebäbi olaryň Aşgabada gelýän ýolagçy otlusynyň bu gün gelmändigini habar berdi. Ýöne ol otlynyň gelmezliginiň sebäbini anyklap bilmedi. “Azatlygyň” beýleki bir habarçysy bolsa, birinji habarçydan bihabarlykda, düýn agşam sagat 8-e golaý Aşgabatdan ugran ýolagçy otlusynyň Ýaşlyk şäherine ýetmän saklanmaga mejbur bolandygyny habar berdi. “Suw demir ýolyň üstüne çykmaga başlansoň, otlyny togtatmaly diýen karara geldiler, ýolagçylary awtobuslara mündürip, ewakuasiýa etdiler” diýip, ol sözüniň üstüni ýetirdi. "Turkmen.news" neşiri düýn, 13-nji aprelde, dowamly ýagyşlardan soň, Türkmenistanyň paýtagtyna ýene sil geldi diýip, öz çeşmelerine salgylanyp, habar berdi we paýtagtyň köçelerinden şaglap akýan sil suwlarynyň wideoýazgylaryny çap etdi. "10 ýyl Abadançylyk", "Ýubileý" köçelerini we Nebit-gaz toplumynyň ýanyndaky ýollary, "Parahat" etrapçasyny, "Parahat -4" etrapçasynda ýaşaýyş jaýlarynyň ýerzeminlerini, "Berkarar" söwda merkezini suw basdy diýip, habarda aýdylýar. 2018-nji ýylyň maýynda gelen silde hem Aşgabatdaky “Berkarar” söwda merkeziniň aşaky gatlaryny suw aldy. “Azatlygyň” Aşgabatdaky habarçysynyň düýn, 13-nji aprelde beren maglumatyna görä, “Ýubileý” köçesine gelen sil örän güýçli boldy we hatda maşynlary hem akdyrdy.
Tebigy hadysa zerarly Türkmenistanyň paýtagtynda internet arabaglanyşygy ýaramazlaşdy, emma häzirlikçe muňa tebigy betbagçylygyň sebäp bolandygy ýa-da häkimiýetleriň suw joşgunlary baradaky maglumatlaryň syzmagynyň öňüni almak üçin girizýän çäklendirmesiniň sebäp bolandygy aýdyň däl. “Türkmenistanyň Hronikasy” neşiri düýn, “Gismeteonyň” howa çaklamalaryna salgylanyp, Aşgabatda gelýän iki günüňhem ýagyşly boljagyny habar berdi.
Dagdan inýän sil suwlaryndan Kaka etraby (Aşgabatdan 140 km) kän ejir çekdi.Etraby Aşgabat bilen baglaýan M37 ýoluny sil suwlary kesdi. Ýurduň paýtagtynda şeýle ýagdaý her ýazda bolýar.
Geçen maýda hem Aşgabda güýçli sil geldi. Ötren agşam, Aşgabat wagty bilen sagat 23:30-da Moskwa prospektinde esgerler ýük maşynlarynda gumly haltalary getirýärdiler diýip, gelýän habarlada aýdylýar.Türkmenistanyň döwlet eýeçiligindäki mediasy tebigy hadysalar hakynda maglumat bermegi, ilaty çekilen zyýanyň möçberleri, mümkin bolan howp-hatarlar bilen habarly etmegi zerur hasaplamýar.