Aşgabadyň ençeme etrapçasynda lagym ulgamlary kadaly işlemeýär. Munuň bilen bagly köp gatly ýaşaýyş jaýlarynyň ýerzeminlerinde hapa lagym suwlary üýşýär we uzak wagtlap arassalanmaýar. Ýaşaýjylar munuň arassaçylyk kadalaryna gabat gelmeýändigini aýdyp, bularyň döredýän oňaýsyzlyklaryndan şikaýat edýärler. Häkimiýet wekilleri ýaşaýjylara meseläni düýpli çözmek üçin döwlet tarapyndan serişde goýberilmeýändigini aýdýarlar.
Paýtagtyň 6-10-11-nji etrapçalarynda we Howdan ýaşaýyş toplumlarynda dört we bäş gatly jaýlaryň ýerzeminleriniň köpüsinde hapa lagym suwlary üýşýär. Muňa lagym ulgamlarynyň kadaly işlemezligi, hatardan çykan turbalardan akýan hapa suwuň ýerzeminlerde üýşmegi sebäp bolýar.
“Bu problema ýyllarboýy dowam edip gelýär. Ýerzeminler hapa lagym suwlaryndan we dürli mör-möjeklerden doly bolup, bu ýerde emele gelen ýakymsyz ys daş-töwerege ýaýraýar. Suw edaranyň işgärleri wagtal-wagtal ýörite ulaglarda gelip, hapa suwlary sorup alsalar-da, hapaçylyk bilen bagly problema düýpli çözülmeýär” diýip, etrapçalaryň biriniň ýaşaýjysy habarçymyza gürrüň berdi.
Ýaşaýjylar bu meseläni çözüp bermegi haýyş edip, ýerli häkimiýetlere, şol sanda şäheriň Ýaşaýyş jaý ulanyş birleşigine we ilat arasynda “wodokanal” atlandyrylýan suw edarasyna yzygiderli ýüzlenýärler.
“Bu edaranyň işgärleri hatardan çykan lagym turbalarynyň bir eýýäm çalşylmalydygyny, ýöne munuň üçin şäher býujetinde serişdäniň göz öňünde tutulmaýandygyny aýdyp, köne turbalary çalyşmak üçin zerur bolan serişdäni bu jaýlaryň ýaşaýjylaryndan ýygnalmalydygyny belleýärler” diýip, ýaşaýjy aýtdy.
Şeýle-de, suw edaranyň resmileri diňe jaýlardaky we ýerzeminlerdäki turbalary çalyşmak bilen hem, meseläniň düýpli çözülmeýändigini aýdýarlar.
“Bular sowet döwründe, mundan 40-50 ýyl töweregi ozal gurlan jaýlar bolup, olaryň lagym ulgamlaryndaky problemanyň düýbünden çözülmegi üçin suwuň gelip çykýan bölegindäki turbalary hem çalyşmaly. Munuň üçin ýaşaýyş jaýlarynyň aşagy gazylmaly we turbalar çalşylmaly. Bu meseläni bolsa, diňe ýokardan çözüp bolýar” diýip, aşgabatly başga bir ýaşaýjy suw edaranyň işgäriniň aýdan sözlerini sitirledi.
Azatlyk bu barada paýtagtyň suw edarasyndan we şäher häkimliginden telefon arkaly kommentariýa almaga synanyşdy. Ýöne redaksiýamyzyň 26-njy iýulda eden dowamly synanyşyklary oňyn netije bermedi.
Türkmenistanyň raýatlary hojalyk hyzmatlary, şol sanda lagym ulgamlary üçin döwlete her ýyl töleg töleýärler. Muňa garamazdan, Türkmenistanyň şäherlerinde we obalarynda ilat lagym ulgamlarynyň kadaly işlemezligi, hatardan çykan turbalaryň çalşylmazlygy we olaryň döredýän oňaýsyzlyklary bilen ýyllarboýy ýüzbe-ýüz bolup gelýärler.
Azatlyk ýurduň käbir obalaryna lagym turbalarynyň asla çekilmändigi, şeýle-de täze ýaşaýyş jaý toplumlarynyň käbirinde lagym ulgamynyň işlemeýändigi barada hem maglumat taýýarlapdy.
Galyberse-de, soňky ýyllarda ýerli lukmanlar kadaly ýaşaýyş üçin zerur bolan arassaçylyk şertleriniň berjaý edilmezliginiň, şol sanda lagym ulgamlarynyň kadaly işlemezliginiň çagalaryň arasynda sarygetirmäniň ýaýramagyna hem belli bir derejede sebäp bolýandygyny aýdypdylar.
Türkmenistanyň häkimiýetleri we media serişdeleri ilatyň "bagtyýar durmuşda ýaşaýandygyny" öňe sürüp, bu ýagdaýlar barada hiç hili maglumat bermeýärler.
Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.
Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu meýl: azathabar@derweze.net we sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPN ulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.