“Watan” kinokonsert merkezinde Beýik Britaniýadan soul-aýdymçy Joss Stounyň çykyşy boldy, ol Çagalaryň hukuklary baradaky konwensiýanyň kabul edilmeginiň 30 ýyllygyna bagyşlandy. Agşamy ýurdumyzyň Medeniýet ministrligi, Beýik Britaniýanyň Türkmenistandaky Ilçihanasy we ÝuNISEF guradylar.
... Joss Stoun 13 ýaşyndaka Beýik Britaniýanyň sahna meýdançalarynyň birinde çykyş edýär. Onuň sesiniň üýtgeşik tembri we aýdym aýtmakda erkinligi diňe bir tomaşaçylary däl, eýsem prodýuserleri hem özüne bendi edýär. Şol pursatdan başlabam, onuň işi ilerlemek bilen bolýar onuň bilen şertnama baglaşylýar, The Session Sessions ady bilen ilkinji albomy çykýar.
Indi Joss BRIT Awards baýraklarynyň ikisiniň we bir Grammy baýragynyň eýesi. Aýdymçy dünýä ýurtlarynyň ählisinde konsert bermegi öz öňünde maksat edip goýdy. Türkmenistan onuň haýran ediji owazy ýaňlanan 175-nji ýurtdyr. Onuň çykyş edýän soul žanry ýagşylygy, parahatlygy, söýgüni we adamkärçiligi ündeýär. Onuň aýdýan aýdymlarynyň ählisi diýen ýaly awtorlyk aýdymlarydyr.
Joss Stoun sahna gitaraçy Leon King bilen bile çykdy. Ol konserte “Ýyldyz” aýdymy bilen başlady. Joss yň aýdymy milletine we dinine garamazdan adamlaryň ählisiniň deňdigi hakdady. Biz adamlary bolşy ýaly kabul etmelidiris. Diňe şonda biz dünýäde sazlaşyk gazanyp bileris.
Soňra sahna türkmen aýdymçysy Läle Begnazarowa çykdy. Olar bilelikde türkmen dilinde “Hüwdini” ýerine ýetirdiler. Ol aýdym-saz agşamynyň tematikasyna kybapdaş boldy, çünki halklaryň ählisiniň eneleri çagalaryny ýatyranlarynda olary hoşlabyz ýagşy niýetller bilen hüwdüleýärler.
Jossyň owazy kä näzik, käte-de duýgylara baý we güýçli ýaňlanýardy. Alçak we hoşmeýilli aýdymçy aşgabatly tomaşaçylaryň göwnüni aňsatlyk bilen tapdy. Tomaşaçylaram myhmanyň çykyşyny mähirli garşylap, oňa gül desselridir el çarpmalary peşgeş etdiler, onuň aýdymlaryna goşulyşdylar we bile tans etdiler.
Biziň bilen interwýusynda Joss Stoun türkmen halk aýdymyny aýtmagyň kyn düşendigini belledi, çünki onuň ritmidir tonallygy oňa nätanyşdy. Ýöne şol bir wagtyň özünde ene söýgüsiniň näzik owazlaryny bermek özüne çekýär. Läle Begnazarowa bilelikdäki çykyşymyzdan hoşal boldumyka diýýärin. Dogrusy, men göwnaçyk, myhmansöýer we hoşamaý türkmenistanlylary gaty gowy gördüm. Duşuşygymyz meniň göwnümi galkyndyrdy.