Aşgabatlylar Eýranyň amaly-haşam sungatynyň eserleri bilen tanyşdylar

Eýran Medeniýetiniň günleriniň çäklerinde Çeperçilik sungaty muzeýinde eýranly ussatlaryň amaly-haşam eserleriniň sergisi açyldy, ol aşgabatlylarda we paýtagtyň myhmanlarynda uly gyzyklanma döretdi. Eýran Yslam Respublikasynyň Ilçihanasynyň we Türkmenistanyň Medeniýet ministrliginiň gurnan sergisi döredijilik we söhbetdeşlik şatlygy höküm sürýän özboluşly gündogar bazaryny ýada salýardy.

Serginiň bölümleriniň biri bu ýere gelýänleri EYR-nda ýaşaýan halkyýetleriň erkek we zenan egin-eşikleri bilen tanyşdyrdy. Eýranda etniki toparlaryň 60-a golaýy ýaşaýar, aşgabatlylar olaryň 14-siniň ýörgünli egin-eşikleri bilen tanyşdylar. Olar esasan toý eşilkleri bolup, olar häli-häzirem durmuşa çykýan gyzlaryň arasynda ýörgünlidir. Eýranda ýaşaýan türkmenleriň öz milli egin-eşiklerini üýtgetmän saklap galandygyny bellemek gerek.

Eýranyň Yspyhan, Şiraz, Maşat, Abadan ýaly beýleki iri şäherlerinde üýtgeşik owadan zatlary—gap-gaçlary, çyralary, şaý-sepleri, suratlary we başga-da ençeme zatlary döredýän nakgaşlardyr senetçileriň ussahanalary gadymdan bäri işläp gelýär.

Küýzegär Mojtaba Ýeddi diňe bir ýeňilden nepis küýze önümleri bilen tanyşdyrman, eýsem külallyga höwes edenlere sapak bermäge-de ýetişýärdi.Onuň özi bir guralyň başyna geçse, beýlekisine sergä gelen geçýär-de, şykgydan küýze ýasamak işi başlanýar, ýöne sergä geleniňki birbada başa-da barmaýar.

Afi Wejdani ýukajyk agaç bölejiklerinden at kellesi ýaly şeýle bir owadan zatlary ýasaýar welin, ondan gözüňi aýrasyň gelmeýär.Onuň bu käre baş uranyna eýýäm 24 ýyl bolupdyr, ol nagyş salynýan byçgyjykdyr ige bilen geň-enaýy nagyşalry döredýär.

Dürli agaçlardan alnan ownujak bölejikler onuň çeper eline düşenden dürli reňk berlen ownukdan gelşikli-gelüwli nagyşlara öwrülýär.Afi ussatlygy we göwnaçyklygy bilen bizi haýran etdi.Ol tanyşlygymyzdan nyşan hökmünde öz eli bilen ýasan bagt nyşany bolan guşjagazlary peşgeş berdi.

Nakgaş Gülbahar Haýatynyň dürli mata bölejiklerinden döredýän portretleri, manzarlary we beýlekii eserleri sergä gelenleriň ünsüni özüne çekýär. Onuň elinden çykýan her suratyna mata bölejikleriniň 50 müňüsi gidýär. Bu işiň uzak saklanmagy üçin Gülbahar ýelimdir pet bilen birlikde ýene-de himiki elementleriň 2-3-sini ulanýar. Ýöne haýsylarydygy onuň öz syry.

“Keýik awyndan bir pursat” eseri uly täsir galdyrýar, onda awçy bilen jereniň aýgytlaýjy çaknyşyk pursady dartgynly beýan edilipdir. Gara panbarhata gülleriň we guşlaryň suraty çitilen manzary has özüne çekiji çykypdyr. “Gül dessesi” suratyndan bahar näzikliginiň ysy gelip dur.

Nepis berçinlemäniň we kümüşe nagyş salmanyň ussatlary eýranly zergärler torly güldanlary, bulgurgaplary, şemdanlary we çyralary getiripdirler. Syrçaly küýze önümleri we zenan şaý-sepleri-de çeperligi bilen göreni haýran edýär.

Amaly-haşam sungatynyň sergisinde çagalar tans topary çykyş edip, Eýranyň gözel ýerleri barada wideofilm görkezildi.

Ýene degişli makalalar

Aşgabatda milli senetçiligi ösdürmeklige bagyşlanan maslahat we sergi geçirildi
05.12.2017 | Türk medeniýetiniň günleri türkmenistanlylary doganlyk halkyň döredijilik däpleri bilen tanyşdyrýar
Türk medeniýetiniň günleri türkmenistanlylary doganlyk halkyň döredijilik däpleri bilen tanyşdyrýar
12.12.2017 | Taglymlaryň arkalaşygy: mirasy gorap saklamak geljegiň binýadyny berkitmek
Taglymlaryň arkalaşygy: mirasy gorap saklamak geljegiň binýadyny berkitmek
Şekillendiriş muzeýiniň sergisi: biz Ýeňiş bilen gaýdyp geldik!