Aşgabatlylar aýazly howada sowuk jaýlarda galýarlar

Aşgabatlylar aýazly howada sowuk jaýlarda galýarlar

Azatlyk Radiosynyň Aşgabatdaky habarçylarynyň sözlerine görä, şu günler Türkmenistandaky aýazly howa ilat üçin hakyky synaga öwrüldi.

"Türkmenistanda bir hepde bäri gijelerine saklanýan sowuk howa ilat üçin synag boldy.Onlarça ýyllap bejerilmedik ýyladyş sistemasy maýyl howada-da yzygiderli sandan çykýar, sowukda bolsa ähli ýerde.

Tutuş Aşgabatda ýerasty turbalar ýerleşýän oýlaryň açykdygyny we ol ýerde ussalaryň işläp oturandygyny, şeýle-de köp ýerde gazylan çukurlary hem gyzgyn suwuň dökülýändigini görmek mümkin" diýip, habarçymyz 28-nji noýabrda habar berýär.

Onuň sözlerine görä, bejeriş işlerini geçirýän şäher gulluklaryň işgärleri jaýlarda ýyladyş sistemasyndaky näsazlygyň sebäplerini ýerasty turbalardaky kemçilikler we turbalara hem batareýalara akdyrylýan suwuň hapalygy bilen düşündirýärler.

Şol bir wagtda-da, habarçymyz Aşgabatda ýyladyş sistemasy kadaly işleýän jaýlaryň hem bardygyny aýdýar.

"9,10 и 11-nji etrapçalardaky jaýlarda ýyladyş sistemasy gowy işleýär. Jaýlaryň ýyladylmaýandygy barada şikaýatlar Howdan, Parahat-2, Parahat-3, Parahat-4, Parahat-7 we 3-nji etrapçanyň Andalyp köçesinde ýerleşýän jaýlara degişli" diýip, Aşgabatdaky habarçymyz aýdýar.

Türkmenistanyň paýtagtynda ýyladyş sistemasyna degişli problemalar onlarça ýyl bäri dowam edýär. Ýaşaýyş jaýlaryň ýyladylmagynda yzygiderli döreýän bökdençliklerden daşary, bu problema döwlet edaralarynda, şol sanda mekdeplerde we keselhanalarda ýüze çykýar.

Oba ýerlerinde adamlar jaýlaryny ýylatmak meselesini özbaşdak çözmeli bolýarlar we munuň üçin odun ýa-da sygyr tezegini ulanýarlar.

Azatlyk Radiosynyň habarçylarynyň sözlerine görä, paýtagtyň ýaşaýjylarynyň ençemesiniň umumy ýyladyş sistemasyndan peýdalanmak mümkinçiliginden jaýlarda batareýalaryň ýokdugy sebäpli peýdalanyp bilmeýändigi ýene bir mesele bolup durýar. 1990-njy ýyllaryň ortalarynda ýaşaýyş jaýlarda ýyladyş sistemasyndaky yzygiderli bökdençlikler, şeýle-de köpgatly jaýlardaky ýyladyş gurallaryň sandan çykmagy sebäpli batareýalar köpçülikleýin kesilip aýrylypdy.

"Parahat etrapçalarynda jaýlaryň ençemesi gurlanda çoýun batareýalar goýulman, 'garmoşka' diýilýän başdan erbet gyzdyrýan we tiz sandan çykyp, akyp başlan demir batareýalar goýulypdy.Käbirler şonda çoýun batareýalary goýmaga maddy mümkinçilik tapdy, beýlekiler sandan çykan batareýalary kesip taşladylar, käbirlerine bolsa demir turbalary plastmas turbalaryna hökmany çalyşmaly edilende kesip aýyrdylar. Şeýlelikde, Parahat etrapçalarynyň ençeme öýlerinde ýyladyş üçin batareýalar ýok we ýaşaýjylar öz jaýlaryny elektrik gurallar bilen ýyladýarlar" diýip, habarçymyz aýdýar.

Onuň sözlerine görä, täze batareýalary oturtmak şu günki gün hem aşgabatlylaryň ençemesi üçin elýeterli däl. Şu günki gün Türkmenistanda batareýalaryň esasan iki görnüşi satylýar Türkiýede öndürlen batareýalaryň bahasy 450 manada, Orsýetde öndürlen batareýalaryň bahasy 1600-2000 manada durýar.

Emma jaýlarda batareýalaryň bolmazlygyna garamazdan, şäher häkimiýetleri ýaşaýjylardan ýyladyş hyzmatlary üçin töleg talap etmegini dowam etdirýärler.

"Men köp ýyllaryň dowamynda ýyladyş üçin ýylda 20 manat, soňra 200 manat töläpdim. Jaýymy hususylaşdyranymdan soň 7 manat töledim. Indi şu ýyl bolsa täze bir zady oýlap tapdylar we ýyladyş üçin tölegi jaýyň tölegine goşup ugradýarlar" diýip, adynyň efirde agzalmazlygyny soran aşgabatly zenan Azatlyk Radiosyna habar berdi.

Aşgabatdaky habarçymyz jaýlaryň ýyladylmagy üçin tölegleriň şu günki hasaplanyş usullaryny öwrendi.

"Haçan-da, ýyladyş üçin tölegler onçakly agyr bolmanda adamlar onuň üçin umumy möçberde töläpdi.Emma 2019-njy ýylda häkimiýetler jaý we ýyladyş üçin tölegleri birleşdirdiler.Umuman hususylaşdyrylan jaýyň tölegi uly däl, 5-10 manat aralygynda, emma ýyladyş üçin her kwadrat metri 50 teňňeden hasaplanylýar. Şeýlelikde maňa 159,3 manatlyk kwitansiýa getirip berdiler, 7 manat 30 teňňe jaý üçin we 152 manat ýyladyş üçin. Ýaşaýjylar öýlerinde batareýalaryň ýokdugyny we elektrik peçleri ulanýandygyny aýdanlarynda, olara munuň hiç kimi gyzyklandyrmaýandygyny we turba bar bolsa tölemelidigini aýdýarlar" diýip, habarçymyz aýdýar.

Soňky ýyllarda Türkmenistanyň häkimiýetleri ilaty kommunal hyzmatlar üçin tölegleri tölemäge mejbur etmek çärelerini güýçlendirdiler. Hususanda, kommunal hyzmatlary üçin bergisi bolanlara dürli edaralarda talap edilýän resminamalar berilmeýär, döwlet işgärlerine aýlyk tölenmeýär.

Kommunal hyzmatlaryň hiliniň iňňän pesligine garamazdan, olaryň nyrhy soňky bäş ýylda 60 esse ýokarlandy.

Şu günler Türkmenistanda saklanýan sowuk howa bazarlarda harytlaryň hiline hem erbet täsir ýetirdi. "Türkmenistanyň Hronikasy" neşriniň maglumatyna görä, Aşgabada getirilen we gyt haryt hasaplanylýan pagta ýagy sowuk howa sebäpli doňup, bu azygyň söwdasyny kynlaşdyrypdyr.

Rus dilinde hem okaň

Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.

Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu meýl: azathabar@derweze.net we sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPN ulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.

Ýene degişli makalalar

Aşgabatda iki hepde içinde ikinji çaganyň jesedi tapyldy
Aşgabady we onuň töwereklerini tozanly tupan örtdi
Aşgabadyň seýilgählerinde ýüzlerçe agaç guraýar
Aşgabat: Zir-zibil gutularynyň daş-töweregi arassalanmaýar
Türkmenistan: Býujet işgärlerinden çagalaryny çagalar bagyna öwürmegi talap edýärler
Türkmenabatda kommunal hojalyk hyzmatlary agsaýar’, 'parahorlyga ýol berilýär'