Aşgabatly tomaşaçylaryň öňünde rumyn opera aýdymçysy Irina Iordakesku çykyş etdi

Türkmen paýtagtynda Rumyniýanyň Türkmenistandaky Medeniýet günleriniň dabaraly açylyşy boldy. Iki döwletiň arasynda diplomatik gatnaşyklaryň ýola goýulmagynyň 25 ýyllygyna bagyşlanan bu döredijilik çäresi türkmen-rumyn gatnaşyklarynyň üstünlikli ösýändiginiň aýdyň subutnamasydyr.

Ýokary derejedäki duşuşyklar, ikitaraplaýyn görnüşdäki, şeýle hem iri halkara düzümleriniň, şol sanda Ýewropa Bileleşiginiň we Birleşen Milletler Guramasynyň çäklerindäki özara gatnaşyklar Türkmenistanyň we Rumyniýanyň arasyndaky hyzmatdaşlygyň üstünlikli ösýändigini hem-de uly gelejeginiň bardygyny tassyklaýar. Iki dostlukly halkyň birek-biregiň taryhyna, medeniýetine we ruhy durmuşyna bolan gyzyklanmalary bu gatnaşyklaryň möhüm ynsanperwer bölegi bolup durýar.

Soňky ýyllarda möhüm ikitaraplaýyn resminamalara, şol sanda iki ýurduň ylym we bilim merkezleriniň, medeniýet hem-de sungat işgärleriniň arasynda işjeň hem-de netijeli gatnaşyklary ýola goýmaga gönükdirilen resminamalara gol çekildi.

Türkmen talyplary degişli okuw maksatnamalarynyň çäklerinde her ýylda Rumyniýa okuwa iberilýärler.Dostlukly ýurtlaryň alymlary we medeniýet işgärleri Türkmenistanda geçýän halkara ylmy we döredijilik maslahatlaryna işjeň gatnaşýarlar.Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň “Türkmenistanyň dermanlyk ösümlikleri”, “Ahalteke bedewi—biziň buýsanjymyz we şöhratymyz” atly eserleriniň hem-de beýik türkmen şahyry hem-de akyldary Magtymguly Pyragynyň şygyrlarynyň ýygyndysynyň rumyn dilinde neşir edilmegi türkmen halkynyň taryhyna we medeniýetine uly gyzyklanmalaryň bardygyna şaýatlyk edýär.

Geçen ýylyň maýynda Türkmenistanyň Ruminiýadaky Medeniýet günleri ilkinji gezek Buharestde we Ýassy şäherinde üstünlikli geçdi. Bu çäräniň barşynda iki ýurduň Medeniýet ministrlikleriniň arasynda medeniýet we sungat ulgamlarynda hyzmatdaşlyk etmek hakyndaky Ylalaşyga gol çekildi. Bu ylalaşyk türkmen-rumyn ynsanpwerwer gatnaşyklaryny has-da ösdürmäge ýardam etmäge gönükdirilendir.

Türkmenistanyň Medeniýet ministrliginde Rumyniýanyň resmi wekiliýeti kabul edildi. Onda bu Ylalaşygy durmuşa geçirmegiň meseleleri ara alnyp maslahatlaşyldy.

Dostlukly ýurduň medeniýet ulgamynyň ýolbaşçylary Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistan döwletiniň daşary syýasatynyň ileri tutulýan ugurlary bilen jikme-jik tanyşdyryldy. Medeni we ynsanperwer ulgamlarynda halkara hyzmatdaşlygyny ösdürmek bu syýasatyň möhüm ugrudyr. Şeýle hem muzeý işleri, opera sungaty, rumyn we türkmen dillerine iki halkyň hem-de beýleki halklaryň nusgawy eserlerini terjime etmek ulgamlarynda özara hünär gatnaşyklaryny ösdürmegiň möhümdigi bellenildi.

Agşam, paýtagtymyzdaky Döwlet medeniýet merkeziniň Mukamlar köşgüniň binasynda Rumyniýanyň Türkmenistandaky Medeniýet günleriniň dabaraly açylyşy boldy. Bu ýere medeniýet ulgamynyň, Türkmenistanda işleýän daşary ýurt diplomatik wekilhanalaryň, köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň wekilleri, döredijilik işgärleri, paýtagtymyzyň ýaşlary ýygnandylar.

Dabaraly açylyşda Rumyniýanyň medeniýet we milli meňzeşlik ministrliginiň döwlet sekretary Aleksandr Oprýan ýygnananlara gutlag sözi bilen ýüzlendi.

Ol ýygnananlary şanly waka bilen gutlap, biziň ýurtlarymyzyň arasynda emele gelen dostlukly gatnaşyklaryň köpugurly hyzmatdaşlygy üstünlikli ösdürmäge mümkinçilik berýändigini belledi. Bu gatnaşyklaryň durmuşa geçirilmegi iki ýurduň abadançylygyna hyzmat edýär.

Ýygnananlar iki döwletiň Baştutanlaryna Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowa we Rumyniýanyň Prezidenti Klaus Ýohannise ynsanperwer gatnaşyklary ösdürmäge, türkmen we rumyn halklarynyň özara düşünişmeklerini ýakynlaşdyrmaga ýardam berýän parahatçylyk söýüjilikli syýasaty alyp barýandyklary üçin tüýs ýürekden hoşallyk bildirdiler. Olar Rumyniýanyň Türkmenistanda Medeniýet günleriniň geçirilmeginiň bu ugurda möhüm ädim bolup durýandygyny bellediler.

Dabaranyň ahyrynda Buharestiň Milli opera aýdymçysy Irina Iordakeskunyň we Türkmenistanyň Döwlet simfoniki orkestiriniň gatnaşmagynda konsert boldy.

Rumyn aýdymçysy abraýly halkara bäsleşikleriniň ýeňijisidir hem-de dünýäniň belli sahnalarynda eden çykyşlary bilen nusgawy sazy söýýänleriň arasynda meşhurlyga eýedir. Iň belent sese eýe bolan zenan aýdymçynyň döredijilik maksatnamasy köpöwüşginlidir, ol ýerine ýetiriliş babatynda barokko we werizm saz äheňlerini öz içine alýar.

Irina Iordakesku Aşgabatda guralan çykyşynyň maksatnamasyna dünýäniň nusgawy saz eserlerini girizdi. Onuň ýerine ýetirmeginde saz sungatyny söýýänleriň arasynda uly meşhurlykdan peýdalanýan “Janni Skikki” gülküli operadan Laurettanyň we Jakomo Puçininiň “Turandot” operasyndan Liunyň, şol operadan Alfredo Katalaniniň, Winçenso Bellininiň opera sahna oýnundan Normanyň aýdymlary ýaňlandy. Tomaşaçylar rumyn kompozitory Tiberiu Brediçanunyň halk sazyna el çarpyşdylar.

Rumyn aýdymçy zenanyň ýerine ýetirmeginde ýaňlanan türkmen kompozitory Çary Nurymowyň “Toý aýdymy” türkmenistanly tomaşaçylar üçin özboluşly sowgat boldy.

Öz nobatynda, Türkmenistanyň Döwlet simfoniki orkestiniň ýerine ýetirmeginde ýaňlanan rumyn kompozitorlarynyň “Rumyn rapsodiýasy № 1” we Jorje Eneskunyň orkestrli skripka üçin “Ballada”, Grigoraş Dinikunyň “Horastakkato”, Ion Iwanowiçiň meşhur “Dunaý tolkunlary”” walsy we dünýäde iň meşhur we belli rumyn mukamlarynyň biri “Rumyn halk tansy “Doýna” saz eserleri biziň myhmanlarymyz üçin ýakymly sowgat boldy.

Türkmen saz medeniýetiniň eserleri hem konsert maksatnamasyna aýratyn öwüşgin çaýdy.

Aýdym-sazly agşamyň ahyrynda Irina Iordakesku rumyn kompozitory Jorje Grigoriunyň “Dunaý tolkunlary” operettasyndan “Mukam” atly meşhur aýdymy ýerine ýetirdi.

Rumyniýanyň Türkmenistandaky Medeniýet günleriniň çäklerinde Mukamlar köşgüniň eýwanynda dostlukly ýurduň iri muzeý toplumy Rumyniýanyň taryhynyň Milli muzeýiniň eksponatlaryndan düzülen fotosuratlaryň sergisi açyldy, bu muzeýde iň gadymy döwürlerden biziň günlerimize çenli taryhy gymmatlyklary öz içine alýan muzeý gymmatlyklary saklanýar. Şeýle hem bu muzeýde dünýäniň iň gymmatly arheologiýa tapyndylarynyň toplumlary yzygiderli görkezilýär.

Fotosuratlarda Milli hazynanyň zalynyň eksponatlary: patyşalaryň gymmat bahaly zatlary görkezilýär, olar rumyn patyşalaryna degişli bolan XIV asyryň gymmatly şaý-sepleridir. Fotosuratlaryň bir bölümi neolit we paleolit eýýamyna degişli taryhy gymmatlyklardan ybaratdyr.

Ertir Türkmenistanyň Şekillendiriş sungaty muzeýinde Rumyniýanyň amaly-haşam sungatynyň sergisi ýaýbaňlandyrylar, “Aşgabat” kinokonsert merkezinde rumyn kinematograflarynyň dürli ýyllarda döreden kionfilmleri görkeziler, şeýle hem dostlukly ýurduň Medeniýet günleriniň maksatnamasyna girizilen beýleki çäreler guralar.

Ýene degişli makalalar

29.11.2017 | Paýtagtymyz Aşgabatda Rumyniýanyň Medeniýet günleriň açylyşy boldy
31.01.2018 | Ýyl ýazgysy 2017-nji ýyl: Medeniýet ulgamy
Rumyniýanyň Türkmenistandaky Medeniýet günleri tamamlandy
30.11.2017 | Rumyniýanyň Türkmenistandaky Medeniýet günleri tamamlandy
Ýyl ýazgysy 2017-nji ýyl: Medeniýet ulgamy
Türkmen kompozitory bütinrussiýa saz bäsleşiginde ýeňiji boldy