Aşgabatly tomaşaçylaryň öňünde marimba ussady“ Hen Simbalista çykyş etdi

Türkmen Döwlet medeniýet merkeziniň Mukamlar köşgünde aşgabatly saz muşdaklarynyň gowy tanaýan ysraýylly sazandalary perkussionçy Hen Simbalista bilen skripkaçy Žanna Gandelmanyň Döwlet simfoniki orkestri bilen bilelikdäki çykyşy boldy.

Heniň çagalyk döwründen bäri dosty Žanna Gandelman Tel-Awiwiň saz akademiýasynyň skripka bölümini tamamlady. Afrika ksilofonynyň“ ussady Hen Simbalista Kopengagen, Bruklin we Tel-Awiw akademiýalarynyň uçurymydyr, ol urulyp çalynýam saz gurallaryny çalýar. Durmuşda hem sazda pikirdeş bu sazandalar köplenç bile çykyş edýärler.

Konserden öň V Aziadanyň başalanmagyna 50 gün galmagy mynasybetli köpçülikleýin welosipedli ýörüş geçirilensoň men sazandanyň sporta garaýşy barada soramda ol:

-Çagalykda suw pökgüsine imrigipdim, häzir bolsa aýalym bilen ýoga gatnaýarys, welosiped sporty bilen meşgullanýaryn. Boş wagtym onlarça kilometrläp welosiped sürýärin—diýdi.

Mukamlar köşgündäki konsert Lewitasyň täzeden işlemeginde nusgawy we täze äheňler sazlaşykly utgaşýan Pablo de Sarasateniň Karmen“ eseri bilen başlandy. Ksilofonyň bir görnüşi bolan marimbada Hen Simbalista çykyş etdi. Şirinden owazly saz ýaňlananda Hen Simbalistanyň: Men edýän işimi halaýaryn, hiç haçan öz halamaýan eserlerimi çalmaýandygym üçinem diňleýjiler meniň çykyşlarymy halaýrlar“-diýen sözeri ýadyma düşdi.

Dogrudanam, Hen Simbalistanyň dirižýorlyk eden her bir sazyny tomaşaçylar şowhunly garşyladylar. Antonio Wiwaldiniň Bahar“, Bahyň Lýa-minor skripka üçin konserti“, Lewitasyň Simbasy“, Astor Pýasollanyň Pasyllar“ we Unydylma“, Neý Rozauronyň Dürli templer“ eserleri we beýleki sazlar ýaňlandy. Nusgawy sazlaryň muşdaklary ussat sazandalara minnetdarlyk bildirdiler.

-Zehinli we ussat türkmen sazandalary bilen işlemekden lezzet aldym. Biziň tomaşaçylarymyzam olaryň ussatlydyna mynasyp baha berer ýaly olar bilen bilelikde Ysraýylda çykyş etmegi arzuw edýärin--diýip, sazanda simfoniki orkestr bilen bilelikdäki işden galan täsirlerini beýan etdi.

Türkmenistanyň Medeniýet ministrliginiň Ysraýyl döwletiniň Ilçihanasy bilen bilelikde gurnan we saz muşdaklaryna ussat sazandalaryň çalmagynda ajaýyp sazlary diňlemäge mümkinçilik beren konserti sentýabr aýynda geçiriljek ýapyk binalrda we söweş sungaty boýunça V Aziýa oýunlarynyň ýurdumyza uly gyzyklanma döreýändiginiň subutnamasy boldy.

Ýene degişli makalalar

Russiýaly ussat pianinoçy Ýuriý Bogdanow Aşgabatda çykyş etdi
Aşgabatlylara maýyllyk getiren "Bahar ylhamy"
Aşgabatda köpden bäri garaşylan Latyn Amerikasynyň aýdym-saz konserti geçirildi
Ysraýyl, Beýrudyň Günortasyny Bombalamaga Dowam Edýär
Tel-Awiwe Guralan Hüjümde 1 Adam Ýogaldy
Baýden Bilen Netanýahu Telefon Arkaly Söhbetdeşlik Geçirdi