Aşgabatly mekdep okuwçylary bilen daş görnüşleri barada düşündiriş ýygnaklary geçirilýär

Aşgabatly mekdep okuwçylary bilen daş görnüşleri barada düşündiriş ýygnaklary geçirilýär

Türkmenistanda häkimiýetleriň raýatlaryň daşky görnüşine gözegçiligi bat alýar. Saç reňklemek, saç kesmek, manikýur, botoks we depilýasiýa ýaly kosmetiki hyzmatlara girizilen gadaganlykdan soň geýim talaplary hem has güýçlendirildi. Düşündiriş işleri okuw jaýlarynda hem alnyp barylýar. Azatlyk Radiosynyň habarçylary Aşgabatdaky soňky wakalar barada habar berýärler.

Aşgabadyň mekdepleriniň okuwçylary moda görä köýnek geýmekden, ýüzüne kosmetika çalmakdan we dyrnaklaryna manikýur etmekden saklanmalydyr. Mekdep okuwçylaryna bu talaplar barada mekdep ýolbaşçylary we bilim işgärleri bilen duşuşyklarda habar berildi.

Azatlygyň habarçylarynyň sözlerine görä, şular ýaly ýygnak ýakynda Berkararlyk etrabynyň we Hitrowka diýilýän ýeriň orta mekdeplerde geçirildi.

"Her 10 günden bir gezek mekdep okuwçylary mejlisler zalyna ýygnanarlar we olar bilen gadaganlyk temasynda düşündiriş işleri alnyp barylar. Olara ýüzüne kosmetika çalmak gadagan edýärler, manikýur we pedikýur etmegi, şeýle hem dürli görnüşde biçilen köýnek geýmegi gadagan edýärler. Hemme zat diňe bellenilen görnüşde bolmaly" diýip, Aşgabatdaky çeşmeleriň biri gürrüň berdi.

Türkmenistanyň mekdeplerinde okuwçylar öňde bäri belli bir görnüşde geýim geýmäge borçly. Mekdep okuwçylary her gün giň we uzyn ýaşyl reňkli köýnek, baýramçylyklarda gyzyl köýnek geýýärler.

Mekdep ýolbaşçylary häzirki gadagançylygyň sebäbini resmi taýdan düşündirmeýärler. Azatlygyň habarçysy bilen söhbetdeş bolan mugallymlar bolsa, şeýlelik bilen häkimiýetleriň ahlak terbiýesi meselesini çözmek isleýän bolmagyny çak edýärler.

Iki hepde töweregi wagt bäri Türkmenistanyň ilaty görlüp-eşidilmedik gözegçiligi bilen ýüzbe-ýüz bolýarlar. 12-nji aprelde mälim bolşuna görä, botoks we dodak çişirmek gadagan edildi.Ondan soň, saç reňklemek we kesmek, emeli dyrnak oturtmak we reňklemek ýaly dürli kosmetiki hyzmatlar gadagan edilip, Türkmenistanda gözellik salonlary köpçülikleýin ýapylyp başlandy.

Ondan soň nikasy resmi taýdan hasaba alynmazdan bile ýaşaýanlara jerime salyndy we gijeki klublara, jeans we gysgt balak şorty geýmäge gadaganlyk girizildi.

Geçmişde ýetginjekleriň ahlak terbiýesi meselesi türkmen häkimiýetleriniň ünsüni çekýärdi.Mekdeplerde ýygnak geçirilýärdi, şol ýerde mekdep okuwçylarynyň daş keşbine we geýimine aýratyn üns berilýärdi.Ene-atalardan gyzlaryň dar eşik geýmezligi, mekdepden soň ene-atanyň gözegçiligi bolmazdan öýden çykmazlygy we mobil telefon ulanmazlygy talap edilýärdi.

Gyzlaryň ahlak häsiýetini ara alyp maslahatlaşyp, kämillik ýaşyna ýetmedikleriň göwreli bolýandygy, şeýle hem ýaşlaryň çilim çekmegi we spirtli içgileri içmegi bilen baglanyşykly meseleleriň bardygy milim edilipdi.

Bu aralykda, şu günler paýtagtyň mekdeplerinde okuwçylaryň jübi telefonlaryny ulanmagy gadagan etmek çareleri ýene-de güýçlendirildi. Azatlygyň habarçylary polisiýanyň telefonlary gözläp, klas otaglarynda barlag geçiýändigini habar berdiler.

"Mugallymlar çagalara mekdebe telefon getirmezlik barada duýduryş berýärler. 15-nji mekdepde şu gün ýene bir polisiýa işgäri ýetginjekleriň synp otagyny, sumkalaryny we okuwçylaryň jübülerini barlap çykdy. Ol jübi telefonlaryny tapjak boldy" - diýip, ýagdaýdan habarly çeşme aýdýar.

Onuň sözlerine görä, klaslaryň birinde mugallyma geçiriljek barlag barada öňünden eşidip, ähli mekdep okuwçylaryndan telefonlary ýygnap, öz çekmesine salyp, gulplady. Polisiýa işgäri düýpli gözleg geçirdi we hiç kimden telefon tapman mugallymy telefonlary gizlemekde günäkärledi.

Smartfonlary ýygnamak we içindäki maglumatlary barlamak çaresiz Türkmenistanda munda öň hem wagtal-wagtal geçirilýär. Häkimiýetleriň jübi telefonlarynyň mekdeplerde ulanylmagyny gadagan etmegi bilen birlikde, döwlet edaralarynyň işgärleri, şol sanda lukmançylyk işgärleri we polisiýa işgärleri-de telefon barlagyna sezewar edilýär.

Ýurtda meşhur sosial ulgamlarynyň köpüsi petiklenýär, ilata bloklamadan geçmäge mümkinçilik berýän VPN hyzmatlaryny ulanmak gadagan edilýär. Internete berk gözegçilik edýän häkimiýetler, VPN-leri yzygiderli bloklaýarlar we garaşsyz maglumat almaga synanyşýan raýatlary yzarlaýarlar.

Rus dilinde hem okaň

Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.

Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu meýl: azathabar@derweze.net we sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPNulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.

Ýene degişli makalalar

Aşgabady we onuň töwereklerini tozanly tupan örtdi
Balkanda SIM kartalary satylmaýar, Aşgabatda we Türkmenabatda internet haýallady
Çeker 'gazamadyndaky' golýazmalara türk-terjime çykalgasy, has uly bazar 'açylýar'
Aşgabadyň ýaşaýjylary köpçülikleýin toý-tomaşa çärelerine gadaganlykdan para bilen sowa geçmäge synanyşýarlar. Emma, bu mydama başartmaýar
COVID çäklendirmelerine garamazdan, Berdimuhamedowyň garyndaşlary bilen ilteşikli kafe, restoranlar işlemegini dowam edýärler
Çärjewde ýasama partlaýjynyň partlamasynda ölenleriň sany 4-e ýetdi; 36 adam ýaralandy