Ýakynda Russiýa Federasiýasynyň Adygeýa Respublikasynyň Adygeý döwlet uniwersiteti tarapyndan Maýkop şäherinde internet arkaly 7-nji Kawkaz matematika olimpiadasy geçirildi. Halkara bäsleşige Aşgabat şäherindäki Saparmyrat Türkmenbaşy adyndaky ýöriteleşdirilen umumybilim berýän mekdep-internatyndan 4 okuwçy gatnaşdy. Olara mekdep-internatynyň matematika mugallymy Arslan Hojiýew ýolbaşçylyk etdi.
Нейтральный Туркменистан gazetinde habar berlişi ýaly, bäsleşige Russiýa Federasiýasynyň 19 sebitinden we 8 sany daşary döwletden jemi 121 okuwçy gatnaşdy. Halkara bäsleşikde Russiýa Federasiýasy, Ermenistan, Täjigistan, Gazagystan, Özbegistan, Serbiýa, Bolgariýa we Mongoliýa döwletleriniň zehinli okuwçylary öz aralarynda güýç synanyşdylar.
7-nji Kawkaz matematika olimpiadasynda Aşgabat şäherindäki Saparmyrat Türkmenbaşy adyndaky ýöriteleşdirilen umumybilim berýän mekdep-internatynyň okuwçylary üstünlikli çykyş etdiler. Matematika dersi boýunça 11-nji synp okuwçylary Baýram Abdullaýew, Orazmyrat Sähetmyradow, Emir Wellekow bürünç medallara eýe boldular. Gülöwser Gylyçmämmedowa bolsa höweslendiriji baýraga mynasyp boldy.