Aşgabatly dokmaçylar dokalmaýan matanyň täze görnüşini özleşdirýärler

Türkmenistanyň Dokma senagaty ministrliginiň Aşgabatdaky dokma toplumy çykarýan önümleriniň görnüşlerini artdyrýar. Bu ýerde polipropilen süýümlerden maýyşgak şarjagazlardan gowulandyryjy we ýyladyjy hollofaýber öndürmek üçin enjam oturdyldy.

Ball Fiber Machine kompaniýasynyň teklip eden tehnologiýasy dokalmaýan matanyň täze görnüşini almaga mümkinçilik berýär. Hollofaýber içi boş burulan sintetik süýümlerden alynýar. Süýümiň aşa burulmasy netijesinde togalak polimer pružinler döreýär, netijede gowulandyryjynyň maýyşgaklyk, ýumşaklyk, gipoallargenlik, gigroskopik, berklik we oda durnuklylyk, adam saglygyna we daşky gurşawa zyýansyz ýaly häsiýetleri ýüze çykýar.

Aşgabadyň dokma toplumynyň tikinçilik sehinde hollofaýber ýumşak çaga oýunjaklaryny öndürmekde ulanylar. Enjam doly awtomatlaşdyrylandyr. Innowasiýalar netijesinde önümleriň hili has-da ýokarlanar. Kärhanada her ýyl ýerli çig maldan 200 tonnadan gowrak sintetiki mata çykarmak göz öňünde tutulýar.

Ýene degişli makalalar

Nova-C kosmos gämisi Aýa gondy
Türkmenistan — Hytaý: söwda-ykdysady hyzmatdaşlyk
Sungat habarlary
29.08.2019 | Pudaklaýyn halkara sergi we maslahat
Pudaklaýyn halkara sergi we maslahat
Täzelikler