“Aşgabatgaz” paýtagtyň ýaşaýjylaryndan mawy ýangyjy tygşytly ulanmagy haýyş edýär

“Neýtralnyý Turkmenistan” gazeti 20-nji dekabrda “Aşgabatgazyň” bildirişini çap etdi. Onda tebigy gazyň tygşytly ulanylmagy haýyş edilýär.

Edara her adama bir ýylda mugt berilýän gazyň möçberiniň 600 kub metrdigini ýatladýar. Gazyň limitden köp ulanylan möçberi üçin girizilen töleg nyrhlary esasynda töleg edilmeli.

Şeýle-de, “Aşgabatgaz” elde, emeli usulda ýasalan gaz peçlerini ulanmaga ýol berilmeýändigini, munuň gadagandygyny duýdurýar. “Diňe zawodda ýasalan we ýörite howpsuzlyk ulgamy bolan ýyladyjylary ulanmaly. Bu düzgün bozulan ýagdaýynda gaz edarasynyň işgärleri bu hili enjamlary öçürmäge haklydyr” diýip, bildirişde aýdylýar.

Ýatladýarys, Türkmenistanda 1-nji noýabrdan jemagat hyzmatlarynyň täze töleg nyrhlary işe girizildi.

Tebigy gazyň töleginiň möçberi, goşmaça gymmat salgydy nazara alnanda, Türkmenistanyň raýatlary üçin telekeçilik bilen meşgullanmaýan bolsa, mugt berilýän möçberinden artyk ulanylýan her 1000 kub metr tebigy gaz üçin 20 manada barabar.

Ýene degişli makalalar

Türkmenistanyň Medeniýet ministrliginde wagyz-nesihat duşuşygy geçirildi
Türkmenistan we Ýaponiýa seýsmologiýa gözegçiliginiň netijeliligini ýokarlandyrmak boýunça taslamany durmuşa geçirýärler
Gaza baý Türkmenistanyň çözülmeýän ýyladyş meselesi
Aşgabatda gaz ölçeýjileri bir günde 22% gymmatlady
Aşgabatda gaz ölçeýjileri gyssagly oturdýarlar
Aşgabatda gyssagly oturdylýan ölçeýjilerden gaz syzýar