Aşgabatdan Kuala-Lumpura we Jidda howa gatnawlary açyldy

Aşgabatdan Kuala-Lumpura we Jidda howa gatnawlary açyldy

Türkmenistandan Malaýziýa we Saud Arabystanyna täze howa gatnaw ugurlary açyldy.

15-nji fewralda Türkmenistan awiakompaniýasy Malaýziýanyň Kuala-Lumpur şäherine ilkinji uçuşy amala aşyrdy. Ýolagçy uçary bu ýurtda dabaraly garşylandy. Munuň özi iki ýurtda hem işjeň hyzmatdaşlyk gatnaşyklarynyň ösdürilmegine aýratyn ähmiýet berilýändiginiň nobatdaky güwäsi boldy. Belläp geçsek, uçuş 8 sagat 10 minut dowam etdi.

16-njy fewralda bolsa, paýtagtymyzdan Saud Arabystanyna Boeing 777-200LR kysymly ýolagçy uçarynda amala aşyrylan uçuş Aşgabat Jidda Aşgabat ugry boýunça ýola goýlan täze howa gatnawynyň başyny başlady. Aşgabatdan gelip gonan, türkmen laçyny şekillendirilen uçardan düşen ýolagçylary Jidda şäheriniň Halkara howa menzilinde dostlukly ýurduň wekilleri mähirli garşyladylar. Bu ýagdaý iki ýurduň arasyndaky gatnaşyklary has-da ösdürmäge uly ýardam eder.

Habar berlişine görä, Aşgabatdan bu şäherlere uçuşlar hepdede iki gezek amala aşyrylar.

Ýene degişli makalalar

Türkmenistan awiakompaniýasy gatnawlarynyň tomusky tertibini çap etdi
Türkmenistan awiakompaniýasy Jidda we Hoşimin şäherlerine awiapetekleriň onlaýn-satuwyny açdy
“Türkmenistan” awiakompaniýasy dört ugur boýunça awiabiletlere arzanladyş hödürleýär
Milana, Kuala-Lumpura, Jidda we Hoşimine ýola goýuljak uçuşlaryň wagty belli boldy
Hünärmenler täze halkara reýsleriň daşary ýurtlulary, Türkmenistana girizmeden, üstaşyr geçirmäge niýetlenendigini aýdýarlar
Aşgabat — Milan uçuşlary üçin petekler onlaýn satuwa çykarylýar