Aşgabatdan Daşoguza otly gatnawy indi günde iki gezek amala aşyrylar

Aşgabatdan Daşoguza otly gatnawy indi günde iki gezek amala aşyrylar

Aşgabat — Daşoguz — Aşgabat aralygynda ýolagçy otly gatnawy indi her gün iki gezek amala aşyrylar. Gatnawyň täze meýilnamasy Demirýollary açyk görnüşler paýdarlar jemgyýetiniň resmi saýtynda çap edildi.

Şeýlelikde, ýolagçy otlusynyň biri her gün sagat 17:00-da Aşgabadyň demir ýol menzilinden ugrap, Daşoguz şäherine ertesi 05:41-de barar. Ikinji ýolagçy otlusy bolsa Aşgabatdan 19:05-de ugrap, Daşoguz şäherine ertesi 07:51-de barar. Yzyna gaýdýan ýolagçy otlulary degişlilikde 18:00-da we 21:25-de Daşoguzdan ugraýar.

Otly peteklerini demir ýol menzillerinden we internet arkaly satyn alyp bilersiňiz. Petekleriň bahasy gidýän senesine, wagonyň görnüşine we baryljak ýere baglylykda üýtgeýär.

Şeýle-de okaň:

Ýene degişli makalalar

Hindistanyň günorta-gündogaryny Fengal tupany basdy
Aşgabat — Serhetabat — Aşgabat ugry boýunça otly gatnawlary her gün ýerine ýetiriler
Türkiýede biosfera ätiýajynyň bardygyny bilýäňizmi?
Halkara Awtomenzil — Hazar ugry boýunça täze gatnaw ýola goýuldy
Domodedowo howa menzili Türkmenistana uçuşlaryň tertibini çap etdi
Turkish Airlines awiakompaniýasy Stambuldan Aşgabat şäherine yzygiderli gatnawlary dikeltdi
Uçarda 5G hyzmatyna rugsat berler