Aşgabatdan çykarylan daşoguzlylar gazanç üçin Lebaba gelýärler

Aşgabatdan çykarylan daşoguzlylar gazanç üçin Lebaba gelýärler

Türkmenabat we Farap şäherlerinde, şeýle-de Çärjew etrabynda gazanç etmek üçin Daşoguzdan gelen ýaşaýjylaryň sanynyň göz-görtele köpelendigini synlasa bolýar.

Olaryň aglabasy ýakynda Aşgabatda içerki migrantlara garşy geçirilen reýdleriň dowamynda öz ýaşaýan sebitlerine ugradylan daşoguzlylardyr. Bu ýagdaýlar barada Azatlyk Radiosynyň habarçysy 18-nji fewralda sebitden maglumat berdi.

“Aşgabatdaky ýaly gazanmak mümkin bolmasa-da, biziň welaýata seredeniňde has gowy. Derýanyň boýundaky ýerlerde, ýagny Lebapda hemişe iş bar diýdiler. Birnäçe oglan bolup geldik, bir kiçi öý tutduk” diýip, Farapdaky hususy ýyladyşhanalaryň birinde zähmet çekýän daşoguzly ýaşaýjy anonimlik şertinde gürrüň berdi.

Ol özleriniň Aşgabatda dekabr aýynyň ahyrlarynda geçirilen reýdlerde saklanyp, Daşoguza iberilendigini we öz ýaşaýan sebitlerinde iş bolmansoň, ýanwaryň ortalarynda Lebaba gelendiklerini belleýär.

“Häzir iki otagly öýde her otagda iki adam bolup ýaşaýarys. Adam başyna 200 manat töleýäris. Meniň işleýän ýerimde aýda 1800 manat zähmet haky töleýärler” diýip, daşoguzly ýaşaýjy Lebapda wagtlaýyn ýazgyda durmak talabynyň ýokdugyny hem belledi.

Reýdler, sorag etmeler

Dekabryň ortalarynda Aşgabadyň häkimiýetleri welaýatlardan paýtagta gelip zähmet çekýän içerki migrantlara garşy reýdleri geçirip başladylar. Reýdler ýanwaryň birinji ongünlüginde has-da batlandy.

Habarçylarymyz polisiýa tarapyndan saklanan we paýtagtda wagtlaýyn ýazgyda durmadyk welaýat ýaşaýjylarynyň köpçülikleýin häsiýetde öz ýaşaýan sebitlerine iberilýändigini habar berdiler.

Şondan soňra Aşgabatdan Daşoguza deportasiýa edilen içerki migrantlar ýerli polisiýa tarapyndan soraga çekildi.

Daşoguzlylaryň gazanç üçin ýurduň gündogar-demirgazyk welaýatyna köpçülikleýin häsiýetde gelýändigini ýerli ýaşaýjylar hem tassyklaýarlar.

Işçileriň ençemesiniň tassyklamagyna görä, daşoguzlylaryň iş üçin bu welaýata ýykgyn etmegine, beýleki sebitler bilen deňeşdirilende, Lebapda gazanç mümkinçiliginiň has ýokary bolmagy sebäp bolýar. Awazada bolsa, gazanç mümkinçiligi möwsümleýin bolup, diňe tomus aýlaryna mahsus bolýar.

Daşoguzlylar esasan awtoýuwalgalarda, hususy ýyladyşhanalarda işleýärler, Türkmenabadyň “Gök” we 66-njy bazarlarynda ýük arabasyny sürmek, ýük daşamak we jaýlary abatlamak ýaly işler bilen meşgullanýarlar.

Arzan işçi güýji we aladalar

Ýerli telekeçileriň birnäçesiniň tassyklamagyna görä, daşoguzlylaryň köpüsi adatdakysyndan az zähmet hakyna hem işlemäge razy bolýarlar.

“Olar arzan işçi güýji hökmünde kabul edilip, işe alynýar. Meniň Hytaýdan getirýän harytlarymy ýakynda her gününe 40 manat töleg esasynda daşamaklyga razy bolan işgär hem daşoguzly” diýip, türkmenabatly telekeçi anonimlik şertinde aýtdy.

Şol bir wagtyň özünde, welaýatda emele gelen bu tendensiýa, käbir lebaplylaryň arasynda howatyrlanma döredýär.

“Daşoguzlylar has pes tölege kaýyl bolup işleýärler. Bu biziň gazanjymyza hem oňaýsyz täsir edýär. Mysal üçin, men bazarda adamlaryň harytlaryny taksä çenli eltmek hyzmatym üçin 10 manat alýaryn. Ýöne olar öz hyzmaty üçin bary-ýogy 3-5 manat alýarlar” diýip, şäheriň bazarlarynyň birinde işleýän ýükçi gürrüň berdi.

Türkmenistanda dowam edýän ykdysady kynçylyklaryň we giň ýaýran işsizligiň arasynda, paýtagt Aşgabat sebit ýaşaýjylarynyň müňlerçesine gazanç etmek mümkinçiligini döredýär.

Ýöne soňky onýyllygyň dowamynda Aşgabadyň häkimiýetleri welaýatlardan paýtagta gelip zähmet çekýän içerki migrantlara garşy göreşini wagtal-wagtal güýçlendirýärler. Häkimiýetler üç günden artyk Aşgabatda galýan welaýat ýaşaýjylaryndan wagtlaýyn ýazgyda durmagy talap edýär.

Ýöne habarçylarymyz paýtagtda wagtlaýyn ýazgyda durmak meselesiniň örän çylşyrymlydygy sebäpli, köp raýatyň muny amal etmek mümkinçiliginiň örän çäklidigini aýdyp gelýärler.

Türkmen häkimiýetleri we resmi media bu çäreler we munuň welaýat ýaşaýjylaryna ýetirýän täsirleri barada aç-açan mesele gozgamaýarlar.

Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.

Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu meýl: azathabar@derweze.net we sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPN ulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.

Ýene degişli makalalar

'Lebaptelekom' sebitde GPON tehnologiýasyny ornaşdyrýar, ýapyk saýtlar petik astynda galýar
Şu gün Abu-Dabä ilkinji ýolagçy uçarynyň uçuşy amala aşyrylar
Türkmenistan awiakompaniýasy Abu-Dabi şäherine uçuşyň petegine 50% arzanlaşyk yglan etdi
Imza erkek egin-eşikleriniň dükany 60% çenli arzanladyş yglan etdi
Diňle: Arzan towuk söwdasyndaky başagaýlyklar: “Towuk satlyga däl-de, barlaga goýuldy”
Arzan towuk söwdasyndaky başagaýlyklar: “Towuk satlyga däl-de, barlaga goýuldy”