Zyýat Hil konditer dükany Aşgabat şäheriniň ýaşaýjylaryna we myhmanlaryna käbir önümleriň bahasynyň 10-20% arzanladylýandygy barada habar berýär.
Aksiýa 2023-nji ýylyň 1-nji sentýabryna çenli dowam eder. Mundan başga-da, Gurtly ýaşaýyş toplumynda ýerleşýän konditer dükanynda 150 manat mukdarda süýji önümleri satyn alnanda/sargyt edilende eltip bermek hyzmaty mugt amala aşyrylýar.
Ýatlatsak, Zyýat Hil konditer dükanynda taýýar tortlar, dürli konditer önümleri, kremli eplemeler we kökeler satýar hem-de sargyt esasynda taýýarlanylýar.
Häzirki wagtda Aşgabatda üç sany Zyýat Hil dükany hereket edýär. Konditer dükanlary her gün, dynç günsüz sagat 8:00-dan 22:45-e çenli açykdyr. Mundan başga-da, zerurlyk ýüze çykan ýagdaýynda Aşgabadyň islendik nokadyna sargydy eltip bermek ýa-da taýýar önümleri satyn almak hyzmaty gurnalýar.
Zyýat Hil konditer dükanlarynyň salgylary:
Sosial ulgamdaky sahypasy.
Şeýle-de okaň:
Fotoreportaž: Aşgabatdaky Zyýat Hil konditer torlary: dürli sebäp we islege göra tort süýjülikleri