Aşgabatdaky üç taraplaýyn sammitde Owganystandan abanýan wehimlere’ garalar

Aşgabatdaky üç taraplaýyn sammitde Owganystandan abanýan wehimlere’ garalar

Aşgabatda “Türkmenistan-Täjigistan-Özbegistan” görnüşinde birinji üç taraply sammit geçýär. 4-nji awgustdaky bu çärä gatnaşmak üçin, Özbegistanyň prezidenti Şawkat Mirziýoýew we Täjigistanyň prezidenti Emomali Rahmon türkmen paýtagtyna geldi.

Sammitde, resmi habarda anyklaşdyrylman aýdylmagyna görä, sebit hyzmatdaşlygyny ösdürmegiň möhüm meselelerini ara alyp maslahatlaşmak meýilleşdirilýär. Ýöne synçylar Owganystan bilen serhetleşýän Merkezi Aziýanyň bu üç döwletiniň liderleriniň, esasan günorta goňşusyndan abanýan wehimlere garajakdylaryny belleýärler.

Sammitiň gün tertibinde ilkinji nobatda “Talyban” dolandyryjylarynyň Amyderýanyň suwunyň hasabyna çekýän kanalynyň maslahat ediljekdigi çaklanylýar.

“Talyban” ýolbaşçylygyndaky owgan hökümeti 2022-nji ýylyň martynda uzynlygy 285 kilometre barabar boljak Koştepe kanalynyň gurluşygyna girişdi. Bahasy 680 million amerikan dollaryna barabar bolan mega taslamanyň birinji tapgyrynyň, kanalyň takmynan ýarpysy gowragynyň tamamlanandygy aýdylýar.

Amyderýadan gözbaş aljak kanal doly işe girizilse, derýanyň Türkmenistana we Özbegistana akýan suwunyň 26 göterime çenli azalmagyna garaşylýar. Munuň sebitdäki, onsuz hem ýitileşýän suw üpjünçilik meselesine oňaýsyz täsir ýetirjekdigi, köp ilatly punktlaryň suwsuz galyp biljekdigi duýdurylýar.

Merkezi Aziýa boýunça bilermen, sebitiň suw meselesini içginden yzarlaýan Brýus Panniýer Owganystan bilen suwlary peýdalanmak boýunça häzirki güne çenli ylalaşygyň ýokdugyny belläp, bu meseläni halkara hukuk kadalaryna salgylanyp çözmegiň kyn boljakdygyny aýtdy.

Halkara hukuklaryna laýyklykda, serhetdeş derýa suwlary ulanylanda, ýurtlar halkara hukuk normalaryna eýermeli we goňşularyň bähbitlerini nazara almak bilen ylalaşyk baglaşmaly. Emma Owganystan henize çenli sebit ýa-da halkara şertnamalarynyň hiç birine goşulman, öz-özünden Koştepe kanalyny gazyp başlady.

Bilermen bu meseläniň ýakynda we juda uly depgin blen özgerendigini belläp, Aşgabatdaky sammitiň dowamynda bu ýagdaýlar boýunça anyk planlara garaljakdygyny aýtdy.Birinijden, Merkezi Aziýa liderleri çekilýän kanalyň gurluşygyndaky kemçilikleriň netijesinde suwuň hanasyndan çykyp, meseläniň hasam çylşyrymlaşmagynyň öňüni almak boýunça “Talybana” öz garaýyşlaryny beýan edip bilerler.

Ikinjiden, Merkezi Aziýa döwletleri öňünden gaçyp, Amyderýanyň Koştepe kanalyna akyp başlamagyndan öňürti onuň suwunyň has köp Merkezi Aziýa akmagyny gazanmak boýunça inženerçlik mümkinçiliklerini serljerip bilerler.

Bellesek, “Talybanyň” gurýan kanalynyň ýetirip biljek mümkin negatiw netijeleri barada Özbegistanda eýýäm esli wagtdan bäri açyk gürrüň edilýän bolsa, türkmen häkimiýetleri ýurda uly täsir ýetirmegi mümkin bu meseläni gozgamaýarlar.

Hünärmenler we synçylar Merkezi Aziýa sebitiniň suw problemasyna öňden bäri alada beýan edip gelýärler. Kimler Merkezi Aziýanyň suw problemasyny geljekde "sebite abanýan iň uly howplaryň” hatarynda agzaýar, kimler bolsa sebitiň suw ýetmezçiligi bilen bagly problemasynyň töweregindäki dowly “suw uruşlary” atlandyrýar.

Şol bir wagtda, Panniýer sammitiň dowamynda Owganystandaky howpsuzlyk ýagdaýlary, bu ýurtdan abanýan mümkin howplar, şol sanda “Yslam döwleti” ekstremistiki toparynyň işjeňleşmegi, neşe önümçiliginiň artmagy ýaly ýagdaýlar barada hem gürrüň ediljekdigini çaklaýar.

Resmi media sammite gelen özbek we täjik prezidentleriniň Halk maslahatynyň başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow bilen hem gepleşik geçirendiklerini ýazýar.

Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.

Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu meýl: azathabar@derweze.net we sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPN ulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň gizlinligini doly kepillendirýär.

Ýene degişli makalalar

Türkmenistan “Talybana”: Serhetaşa derýalar boýunça halkara hukugynyň kadalary berjaý edilmeli
Berdimuhamedow Täjigistana sapar edýär: Türkmen-täjik gatnaşyklarynda täze sahypa açylýarmy?
Aşgabat öz TOPH kynçylyklaryny ABŞ sanksiýalary bilen baglamaga 'çalyşýar'
Koş Tepa kanalynyň gurluşygy serhetaşa derýalardan peýdalanmagyň halkara kadalaryna ünsi çekýär
Russiýanyň garamagyndaky harby blok bitarap Türkmenistany Owganystan boýunça hyzmatdaşlyga’ çagyrýar
Merkezi Aziýa Ukrainada uruş tamamlanandan soň: Hytaý sebitden Russiýany gysyp çykararmy?