Aşgabatdaky Tudors dükany erkekler üçin ysy durnukly atyrlaryň dürli görnüşlerini tanyşdyrýar

Aşgabatdaky Tudors dükany erkekler üçin ysy durnukly atyrlaryň dürli görnüşlerini tanyşdyrýar

Bahar paslynyň ahyrky günlerinde Berkarar söwda we dynç alyş merkezinde açylan Tudors egin-eşikleriň we aksessuarlaryň dükany erkekler üçin niýetlenen parfýum atyrlarynyň köpsanly görnüşlerini alyjylara hödürleýär.

Tudors ilkibaşda erkek köýnekleriniň modasynda özüni tanadan hem bolsa, wagtyň geçmegi bilen parfýum ýaly kosmetika önümlerini öndürip önümçilik şahalaryny giňeltdi. Tudors parfýumleri özüne mahsus bolan çekiji, gelşikli, şadyýan we näzik hoşboý anbar yslary bilen, dürli ýaşdaky erkeklere niýetlenendir. Dogry saýlanyp alnan parfýum bolsa döwrebap durmuş ýörelgesine eýerýän her bir erkek kişiniň keşbiniň özboluşly tarapyny alamatlandyrýar.

Tudors parfýumleriniň hiliň baha bilen baglanyşykly bolmalydygyny subut edýän mysaly — dürli görnüşdäki ýokary hilli parfýumleriň hemmesiniň bir bahadan, ýagny 199 manatdan alyjylara hödürlenmegidir.

Tudors brendi parfýuminiň her bir notasyny ünsli alyp töwerege ýayradýan ysynyň täsirli we uzak wagtlap saklanyp galmagyny başardy.Tudors brendiniň Silver, Gold, Black, Zero, Sport, Classic, Aqua, Dynamic, Intense, Dark Azure, Dark Royal, Dark Nobele, Dark Brave, Dark Ruby, Urban Hero, Urban Life, Urban Vibe, The Spirit, The Sign, The Legend, The Time, The Gentle, Courage, Freedom ýaly biri-birinden tapawutlanýan onlarça görnüşleri bardyr. Öz içinde ysy we häsiýetleri boyunça biri-birinden tapawutly parfýumlerden islendigini Tudors dükanyndan alyp bilersiňiz.

Tudors dükanynda dürli ýagdaýlar üçin sepinmäge niýetlenen parfýum atyrlaryny tapmak bolýar. Olardan sport bilen meşgullanmakda sepinmek üçin ünsi özüne çekiji sitrusly we kuwwatlandyryjy ysly, işewürlik duşuşyklary üçin aýratyn ýakymly ysly parfýumlere, şeýle-de romantika duşuşyklarynda sepinmäge laýyk gelýän greýpfrut we bergamot yslarynyň kompozisiýasy bolan parfýum atyrlaryna aýratyn isleg bildirilýär.

Alyjylar Tudors brendini ýokary hili, döwrebaplygy hem-de ajaýyp ysy üçin saýlap alýarlar. Häzirki wagtda brendiň Ýer ýüzi boýunça 200-den gowrak resmi dükany hereket edýär.

Tudors dükany Berkarar söwda we dynç alyş merkeziniň 3-nji gatynda D59e belgili dükanda ýerleşýär.

Habarlaşmak üçin:

Şeýle-de okaň:

Aşgabatda Türkiýäniň Tudors brendiniň ilkinji dükany açylar

Ýene degişli makalalar

“Ýewrowideniýe 2021” bäsleşiginiň ikinji ýarym finalynyň ýeňijileri belli boldy
USAID Aşgabatda hakaton ýaryşyny geçirýär
Italiýa deňme-deň oýnady, Fransiýa Ysraýyly uly hasap bilen utdy
Ilkinji gezek gol geçirip bilmedik Ronaldo, şol sanda ýoldaşlary öýlerine dolanmaly boldy
Hokkeý boýunça halkara ýaryş: Atekäýew ― iň gowusy
Özbegistanly hokkeýçi Aşgabatdaky halkara ýaryşyň netijeli oýunçylarynyň başyny çekýär