Aşgabat şäherindäki Türkmenistanyň Mollanepes adyndaky talyplar teatrynda 4-nji martda Türkmen döwlet medeniýet institutynyň mugallymy Ereş Hamraýewiň režissýorlyk etmeginde sahnalaşdyrylan Kim-kimi söýýär? atly sahna eseriniň ilkinji görkezilişi bolar. Bu barada teatryň döredijilik topary Turkmenportal web-saýtymyza habar berdi.
Türkmenistanyň sungatda at gazanan işgäri, dramaturg Berdi Bäşimowyň eseri esasynda sahnalaşdyrylan oýunda Türkmen döwlet medeniýet institutynyň aktýorçylyk hünäriniň 3-nji ýyl talyplary çykyş edýärler.
Täze sahna eserinde ýaşlaryň durmuşynda söz açylýar. Has takygy, Ejebaý bilen Myradyň, Mähri bilen bolsa Serdaryň arasyndaky söýgi wakalary beýan edilýär. Gülkili pursatlara baý bolan täze sahna eseri tomaşaçylaryň söýgüsini gazansa gerek. Sebäbi sahnada çykyş edýän ýaşlar özlerine bildirilen ynamy ussatlarça ödemegi başarypdyrlar. Ýaşlar saýlap alan hünärleriniň eýesi bolmak üçin täze sahna eserinde öz zehinlerini, başarnyklaryny gaýgyrmandyrlar.
Sahna Türkmen döwlet medeniýet institutynyň talyplary Aýsenem Nazarowa Ejebaýyň, Bibihatyja Nurmuhammedowa Mähriniň, Mekan Mollaýew Serdaryň, Rahym Garagulow bolsa Myradyň keşbinde çykyş edýärler. Ejebaý bilen Serdaryň kakasy Gurban Merdanowiçiň keşbinde Eziz Taýlyýew, ejeleri Bibi Saparownanyň keşbinde bolsa Gülşat Tokaýewa dagy çykyş edýärler.
Kim-kimi söýýär? sahna eseriniň aýdym-sazlaryny Eziz Taýlyýew bilen Türkmen döwlet medeniýet institutynyň mugallymy Geldi Myratnazarow taýýarlapdyrlar. Ýaşlaryň durmuşyndan söz açýan ajaýyp aýdymlardyr şirin sazlar oýnuň täsirini has-da artdyrypdy.
Täze oýnuň sahna bezeglerini bolsa Dünýägözel Durdyýewa ýerine ýetiripdir.